Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Borut Pahora Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli oňa mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Türkmenistanyň Baştutany Borut Pahora tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.