Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hassan Ruhana ýurduň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.