Özbegistanyň Medeniýeti günleri goňşy ýurtlaryň gatnaşyklarynyň has-da ösjekdigine şaýatlyk etdi

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Özbegistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. N.Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda türkmen we özbek artistleriniň bilelikdäki gala-konserti bu döredijilik çäresiniň jemleýji wakasyna öwrüldi.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň – Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Şawkat Mirziýoýewiň başyny başlaýan giň gerimli çäresi özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösmegine nobatdaky möhüm goşant bolup durýar. Özbegistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, medeni gymmatlyklary alyşmak, milli mirasy öwrenmek we aýawly saklamak, ony giňden wagyz etmek üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat etdi.

Döredijilik forumynyň geçirilen günleri biziň myhmanlarymyz özbek sungatynyň köpdürli öwüşgini bilen tanyşdyrdylar. Mukamlar köşgüniň hem-de “Watan” kinokonsert merkeziniň sahnalarynda meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň, belli tans toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Özbek fotosuratçylarynyň eserleri dürli ugurlary şöhlelendirdi. Suratlarda özbek halkynyň özboluşly däp-dessurlary, ajaýyp ülkäniň gaýtalanmajak gözelligi, taryh we medeni ýadygärlikleri, häzirki zaman binagärligi öz beýanyny tapdy. Şeýle hem sergide dürli gahrymanlaryň häsiýetlerini, duýgularyny we keýpçaglylygyny beýan edýän fotoportretleriň toplumy görkezildi.

Kino sungatynyň muşdaklary Şöhrat Mahmudowyň “Awisenna” çeper-publisistik kinofilmine tomaşa etdiler. Ol orta asyr alymynyň, akyldarynyň we lukmanynyň ykbalyna bolan garaýyşy, häzirki döwür bilen baglylykda onuň mirasynyň ähmiýeti bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Daşoguzda kinorežissýor we ssenariçi Zulfikar Musakowyň “Dadam betob” (“Kakam hassa”) atly çeper filmi görkezildi. Şu ýylyň başynda ekranlara çykan tolgundyryjy we täsir galdyryjy kinofilm ynsanperwer maksatlara beslenipdir. Ol döredilen keşpler—adam häsiýetleri we ruhubelentligi arkaly döredilen meseleleri düýpli gurşap alýar.

Terjimeçilik işi babatda özara gatnaşyklaryň jähetleri Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen dostlukly ýurtlaryň döredijilik işgärleriniň duşuşygynyň meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, özbek ýazýjysy Kurambaý Matrizaýew öz kärdeşleri bilen geljekki meýillerini paýlaşdy. Ol ýurdumyzda türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň terjimeleri bilen tanalýar. Magtymguly Pyragynyň mirasyny öwrenmekde, ýaýratmakda we wagyz etmekde bitiren hyzmatlary hem-de ylym we medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin Kurambaý Matrizaýew nusgawy şahyrymyzyň 290 ýyllygynyň bellenilen ýylynda “Magtymguly Pyragy” medalyna mynasyp boldy. Sylagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gowşurdy.

Iki ýurduň döredijilik işgärleriniň duşuşygynyň barşynda medeniýet ulgamynda döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Ýygnananlar gatnaşyklaryň işjeňleşmegi, ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek ugrunda pikirlerini beýan etdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar dostlukly duýgularyny goşgy setirlerinde beýan etdiler. Myhmanlar ajaýyp paýtagtymyzyň keşbiniň özlerinde uly täsir galdyrandygyny gürrüň berdiler.

Özbek wekiliýetiniň Aşgabadyň hem-de Daşogzuň taryhy ýerlerine, muzeýlerine we gözel ýerlerine baryp görmegi türkmen tarapynyň taýýarlan baý mazmunly maksatnamasynda öz ornuny tapdy.

Özbegistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda bu medeni çäräniň beýik we gadymy medeniýetleriň netijeli wagyz-nesihatçysy bolup çykyş edýändigi, öňden gelýän doganlyk gatnaşyklarynyň taryhyna eýe bolan iki halkyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýändigi bellenildi.

Dabara gatnaşyjylar iki döwletiň Baştutanlaryna iki halkyň gadymdan gözbaş alýan ruhy gatnaşyklanyny berkitmäge we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen döredijilik forumynyň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Soňra geçirilen dostluk konsertiniň maksatnamasyny halk hem-de häzirki zaman aýdymlary we sazlary, tans hem-de döredijilik çykyşlary düzüp, olar asyrlaryň jümmüşinden geçip gelen iki halkyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirdi. Olar döredijilik çemenini düzüp, zehinli artistleri mähirli kabul eden tomaşaçylar üçin hakyky sowgada öwrüldi.

Tomaşaçylar “Görogly” dessanyndan parçany tolgunma bilen kabul etdi. Mälim bolşy ýaly, dessanlary aýtmagyň däbe öwrülen sungaty Daşoguz welaýatynyň ýüzüniň özboluşly tuwagy bolup durýar, “Görogly” eposy bolsa, 2015-nji ýylyň dekabrynda UNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen halkynyň dessan sungatynyň aýdyň nusgasy hökmünde girizildi.

Tomaşaçylar köpsanly halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi, Özbegistanyň at gazanan artisti Ženisbek Pyýazowyň nusgawy aýdymlary ýerine ýetirmek ussatlygyna haýran galdylar.

Aýdym-saz muşdaklary Özbegistanyň halk artisti Abduhoşim Ismaýilowyň hem-de özbek sazandalar toparynyň ussatlygyna şowhunly el çarpdylar. Olar nusgawy we halk gurallaryny birleşdirip, eserleriň häsiýeti boýunça dürli aýdymlary ýerine ýetirmegiň özboluşly nusgasyny döretdiler.

Özbek tanslaryny ýerine ýetirmekde öz ussatlygyny tomaşaçylara “Nowruz” tans topary görkezdi.

Halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary dostlukly ýurduň özboluşly medeniýetiniň öwüşgünlerini şöhlelendirdi. Estrada aýdymlary şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Olaryň her çykyşy tanslar bilen utgaşyp, özboluşly şüweleň döretdi.

Myhmanlarymyzyň sowgat hökmünde türkmen dilinde birnäçe aýdymlary taýýarlandygyny bellemek gerek. Olar dürli konsert maksatnamalarynda tanyşdyryldy. Şu döredijilik agşamy hem şeýle äheňe eýe boldy. Özbegistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Ozodbek Nazarbekowyň ýerine ýetirmeginde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Leýlisaç barada rowaýat” diýen aýdymy ýaňlandy. “Farhod we Şirin” toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan türkmen halk aýdymy hem özboluşly täsir döretdi.

Dostluk baýramçylygynyň ahyrynda artistler gadymy “Küştdepdi” tansyny bilelikde ýerine ýetirdiler. Bu aýdyň we özüne çekiji sahna doganlyk halklaryň kökleriniň gadymylygyny hem-de döredijilik güýjüni beýan etdi.

Konserte gatnaşyjylaryň agzybirlikde alyp göteren “Dostluk” aýdymy Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň jemleýji pursadyna öwrüldi.