Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyry birnäçe iri taslamalary özünde jemleýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaşulularyň maslahatynda ýakyn 7 ýyl üçin kabul edilen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamasyny tanyşdyrmak bilen, döwlet kadalaşdyrylyşynyň tutuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy, ylmy-tehniki täzelikleri ornaşdyrmagy, ýurdumyzyň elektron senagaty pudagyny kemala getirmegi anyk maksatlaryň we wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Umuman, 2018-2024-nji ýyllar üçin täze maksatnamada ýurdumyzyň yzygiderli senagatlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi häzirki wagtda dünýäniň derwaýys maglumatlarynyň ägirt uly möçberlerini işjeň özleşdirmezden, maglumatlary dessin alyşmazdan mümkin däldir. Bir söz bilen aýdylanda, XXI asyryň ösüşi aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamlarynyň çalt depginler bilen ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda internetiň ählumumy elýeterliligi milli ykdysadyýetimiziň ösüşini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu babatda anyk maksatlary goýdy. Deslapky hasaplamalara görä, 2045-nji ýyla çenli tutuş dünýä boýunça internete dürli enjamlaryň – ykjam gurallardan başlap, lukmançylyk enjamlaryna, ylmy esbaplara, önümçilik abzallaryna, ulag serişdelerine çenli dürli enjamlaryň 100 milliarddan gowragy birikdiriler.

Ählumumy maglumatlaşdyrmak we internetleşdirmek durmuşymyzda hem-de işimizde düýpli özgerişliklere getirer, işleriň köpüsi awtomatlaşdyrylar. Hojalygy ýöretmegiň bazar ulgamyna geçilmeginiň şertlerinde döwrebap maglumat tehnologiýalaryny sowatly ulanmak Türkmenistan üçin zerurlyga öwrüldi. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyz döwür bilen deň gadam urmak üçin öz öňünde möhüm wezipeleriň birnäçesini goýdy. Şundan ugur almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlise, Ylymlar akademiýasyna ýurdumyzda internet we elektron ulgamlaryny ösdürmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Şol bir wagtyň özünde bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň möçberlerine laýyk gelýän düzümi döretmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda ählumumy aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerinde internetiň giňden elýeterliligini üpjün etmek arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberlerini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen birlikde iri taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirmäge girişýär.

Bazar giňişliginiň globallaşmagy hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy strategiki serişde hökmünde maglumatlaryň ulanylmagyna esaslanýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Ulgamlaýyn düzüme birikdirilen sanly, kompýuter ulgamlary jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usulyna öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, maglumat önümlerini hem-de aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän maglumat bazary Türkmenistanyň häzirki zaman ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Bu bazaryň hereket etmegi beýleki pudaklaryň ösmegine, umuman, makroykdysady ýagdaýa düýpli täsir eder.

Şeýlelikde, Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyrynda taslamalaryň birnäçesi göz öňünde tutulýar. Olaryň her biri pudagyň belli bir bölegine gönükdirilendir. Mysal üçin, birinji taslama ýurdumyzda ykjam aragatnaşygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ilatymyzyň artýan isleglerini nazara almak bilen, “Altyn Asyr” milli operatory Türkmenistany ykjam aragatnaşyk, şol sanda 3G, 4G, ýakyn geljekde bolsa 5G ýokary tizlikli internet we beýleki ykjam aragatnaşyk hyzmatlary bilen doly üpjün etmek derejesine çykmalydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyz boýunça üpjünçilik 100 göterime barabar bolar.

Munuň üçin (ýurdumyzda öňden bar bolan 3 müňe golaý enjamyň üstüne) 2G, 3G we 4G standartlarynda işleýän binýatlaýyn radioýaýradyjy enjamlaryň 577-sini satyn almak meýilleşdirilýär. Olaryň 101-si, esasan hem ses arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen 2G standartyndaky enjamlardyr, ýöne onuň signallarynyň ýaýraýyş çäkleri 3G we 4G standartlaryndan has uzaga ýetýär. Çünki, bu standart oba ýerlerini öýjükli aragatnaşyk bilen üpjün etmek üçin amatly hasaplanylýar.

Enjamlaryň 168 birligi 3G standartynda bolar. Ol ses signaly bilen birlikde wideo jaňlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, ýokary tizlikli internet hyzmatlaryny hem-de maglumatlaryň simli nokada birleşdirmezden geçirmegini üpjün edýär. Onuň ýene-de bir artykmaçlygy abonentleriň maddy serişdeler barada pikir etmän, ulgamda hemişe bolmagy bilen baglydyr. Çünki tölegler wagt üçin däl-de, ulanylan aragatnaşygyň möçberi boýunça hasaplanylýar.

Ýöne enjamlaryň aglabasy – 308 birligi 4G standartlydyr. Bu standart, esasan, örän ýokary tizlikli Internet hyzmatlaryny ýola goýmak üçin niýetlenendir. Ýöne, bu standartyň radiosignallary örän kiçi çäklere ýaýramagy sebäpli, onuň antenna enjamlaryny ýygy-ýygydan gurnamaly bolýar. Diňe paýtagtymyzyň özünde 4G standartly baza radioýaýradyjy enjamlaryň 114-si ornaşdyrylar. Munuň özi bu standartyň ulgamynyň möçberini, takmynan, ýarym esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Öýjükli aragatnaşygyň dördünji nesliniň tehnologiýalary telelukmançylyk, aradan bilim bermek, ulag dolandyrmak, howpsuzlyk hem-de jemgyýetçilik tertibini goramak ulgamlarynda hem ulanylyp biliner.

2017-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky Konsepsiýany tassyklady. Bu çözgüdi ýerine ýetirmegiň çäklerinde innowasiýa maglumat merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Merkezde döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, şol sanda elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimediýa programmalary, tanyşdyryşlar we beýlekiler işlenip taýýarlanylar. Bu ýerde ylym we bilim ulgamynda dünýä täzelikleri öwreniler, ensiklopediýalar we sözlükler dörediler.

Döwlet Baştutanymyz sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň ýaşaýan ýerine garamazdan, milli we halkara ölçeglerine, häzirki döwrüň maglumat jemgyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin deň mümkinçilikleri üpjün etjekdigini belledi. Munuň özi raýatlarymyza goşmaça we üznüksiz bilim almaga, kämil usullar arkaly hünärini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Ýurdumyzda ýokary tizlikli internet aragatnaşgynyň ösdürilmegi şu wezipelere doly laýyk gelýär.

Bu we beýleki aragatnaşyk taslamalarynyň hökmany şertleriniň biri öýjükli aragatnaşyk ulgamynda, radioýygylyk ugrunda, süýümli ulgamlarda uly tejribä eýe bolan garaşsyz maslahat beriji kompaniýanyň gatnaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Bilermenler – maslahat berijiler bilen bar bolan degişli düzümden ugur alnyp tehniki wezipeleriň üstünde işleniler.

Ikinji taslama simli telefon aragatnaşygyny ösdürmäge, özi-de, diňe bir sanly telefon stansiýalaryny däl, eýsem, hut döwrebap, täze nesliň standartlaryny üpjün edýän NGN (Next Generation Network) ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu ulgamda bir telefon nokadyndan hem telefon, hem IP – telewideniýe we internet üpjün ediler. Şunda, maglumat toplumlaýyn berilýär, ses, maglumatlar we wideo bolsa islendik düzümde, elýeterliligiň usulyna garamazdan, geçirilip bilner.

Tutuş Türkmenistan boýunça NGN – çözgütleriň binýadynda tedefon stansiýalarynyň 526-syny gurmak meýilleşdirilýär. Bu tehnologiýa ýokary tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi ulanyş çykdajylarynyň kemeldilmegi, aragatnaşyk hyzmatlarynyň giň görnüşleri, maglumatlary geçirmegiň ýokary tizligi hem-de dürli ulgamlary birleşdirmek mümkinçiligi arkaly gazanylýar.

Bu taslamanyň çäklerinde Aşgabatdaky könelişen sanly stansiýalary çalyşmak göz öňünde tutulýar. Olaryň ýerine paýtagtymyz boýunça 70 müň 648 belgi möçberindäki bitewi IMS (IP Multimediýa Subsystem) platformasy ornaşdyrylar. Onuň wezipesi aragatnaşygyň ses, maglumatlar hem-de multimedia ýaly görnüşlerini birbada ulanmaga niýetlenen täze hyzmatlaryň giň görnüşleriniň döredilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. IMS ulgamynda müşderiler fiksirlenen we öýjükli enjamlar üçin hyzmatlaryň bitewi toplumyna hem-de dürli goşundylar üçin bitewi belgä eýe bolarlar.

Ýerli aragatnaşyk bölümleri – ýokary derejeli programma üpjünçiligi bolan 54 sany çykarylýan sanly telefon stansiýalary ulgamyň işlemegini üpjün eder. Olar merkezi stansiýa birikdiriler, ýagny onuň göwrümi ýerlerde uzak aralyklara kabelleri çekmezden, kiçi stansiýalar arkaly paýlanylar. Eger-de, NGN konsepsiýasy fiksirlenen ulgamlaryň ähli bölümlerini birleşdirýän bolsa, onda IMS ulgamy öýjükli aragatnaşygyň üstüni ýetirýär.

Aşgabat şäheriniň telefon stansiýasy üçin multiserwis billing platformalaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Billing – bu aragatnaşyk hyzmatlary üçin hasaplaşyklaryň awtomatlaşdyrylan ulgamydyr. Başgaça aýdylanda, ol her bir müşderi üçin aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahasyny hasaplaýan hem-de ähli nyrhlar we beýleki baha häsiýetnamalary barada maglumatlary saklaýan programma üpjünçiligidir. Şol nyrhlar telekommunikasiýa operatorlary tarapyndan abonentlere hasaplary bermek üçin ulanylýar.

Köpugurly billing platformalarynyň kömegi bilen diňe bir internet, aragatnaşyk, IP hyzmatlaryny däl, eýsem, beýleki edaralar tarapyndan edilýän hyzmatlary, mysal üçin, jemagat töleglerini, ýol gözegçiligi gullugynyň jerimelerini we beýlekileri tölemek bolýar. Täze billing ulgamy million müşderä niýetlener.

Türkmenistan üçin munuň özi täzelik däldir, ýöne şeýle düzümi giňeltmegiň zerurlygy äşgärdir. Häzirlikçe bu düzüm diňe iri şäherlerde ornaşdyryldy. Ol etraplarda we alysdaky ilatly ýerlerde ýokdur.

Simli telefon aragatnaşygyny ösdürmegiň çäklerinde jemi 183 müň 684 täze telefon nokady gurnalar. Olaryň 113 müň 36-sy welaýatlarda gurnalar. Şol ýerlerde täze sanly ATS-leriň 470-den gowragy gurlar. Häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlary oba ýaşaýjylarynyň ählisine elýeterli bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyny ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi.

Nobatdaky taslama Aşgabatda halkara – şäherara telefon stansiýasyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Ol “Türkmentelekom” kärhanasy tarapyndan ulanylýar. Aragatnaşygyň ähli ýaýlymlary şu merkezi nokada birleşýär. Şol ýerde beýleki şäherleriň we döwletleriň aragatnaşyk ulgamlary üstaşyr birleşdirilýär.

Bu stansiýanyň häzirki binasy we onuň tehniki üpjünçiligi könelişýär. Çünki bu ulgamda telekommunikasiýalar we awtomatlaşdyrmak işleri yzygiderli ösdürilýär, täze enjamlar we elektron dolandyryş maşynlary ornaşdyrylýar, hyzmatlaryň barha täze görnüşleri peýda bolýar. Şoňa görä-de, stansiýany IMS tehnologiýasyna geçirmek çözgüdine gelindi. Şeýlelikde, ol müşderilere dünýä ülňüleriniň derejesinde hyzmatlary hödürläp biler.

Türkmenistanda ozal bar bolan aragatnaşyk ulgamyndan täze görnüşdäki ulgamyň artykmaçlygy nämeden ybarat?

Trafigiň ähli görnüşleriniň IP-protokolyna geçirmekde telefon hyzmatlary we has ýokary tizligi bolan Internet ulgamyna girmek, wideoaragatnaşyk, maslahat-aragatnaşyk mümkinçilikleri üçin abonent ornunyň iki portuny ulanmak zeryrlygy aradan aýrylýar.

Dördünji taslama elektron hyzmatlaryň ösdürilmegine gönükdirilendir. Onuň çäklerinde Aşgabat şäheri, Aşgabat-- welaýat merkezleri, welaýat merkezleri etrap merkezleri-- etrap merkezleri-- daýhan birleşikleri derejesindäki ýokary tizlikli ýerili hem-de ýokary tizlikli ulag ulgamlarynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Häzirki döwürde Aggabat şäheri boýunça ortaça sekuntda 20 Gigabit bolan maglumat geçirijilik tizligi bar. Ýöne ýakyn geljekde tizligi 5 esse ýokarlandyryp, sekuntda 100 Gigabit blan maglumat geçiriji ulag ulgamyny döretmek göz öňünde tutulýar. Welaýat merkezlerinde maglumat geçirijiniň sekuntdaky tizligi 40 Gigabit derejede bolup, etrap merkezlerinde bu maglumatlar 10 Gigabit tizliginde geçiriler. Etrap merkezleri bilen daýhan birleşikleriniň arasyndaky tizlik 4 Gigabide çenli bolar.

Sarp edijleriň ýokary derejeli aragatnaşyk hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, şeýle hem maglumatlary geçirmegiň tizligini ýokarlandyrmak üçin ministrlikler, häkimlikler we pudak edaralary tarapyndan öz serişdeleriniň hasabyna Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde ýerleşýän binalara, köpgatly ýaşaýyş jaýlaryna optiki-süýüm ulgamyny çekmek göz öňünde tutuldy.

Bu taslama Internet-hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna gönükdirilendr. Ol pudagara maglumatlaryň alşylmagyny, elektron hyzmatlaryň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagyny has-da gowulandyrar. Ony durmuşa geçirmegiň çäklerinde maglumatlary saklaýan, gaýtadan işleýän, serwer we ulgam enjamlaryny ýerleşdirýän, abonentleriň Internet ulgamyna goşulmagyny üpjün edýän milli Sene-merkezini döretmek meýilleşdirilýär.

Sene-merkezi maglumatlary gaýtadan işlemek, saklamak we ýaýratmak wezipesini ýerine ýetirýär. Düzgün boýunça ol müşderileriň bähbitlerini nazarlaýar we hyzmatlar baradaky maglumatlary ugratmak bilen işewürlik wezipeleriniň çözülmegini esasy ugur edinýär. Häzirki döwürde her bir ministrlik özüniň dolandyryş ulgamyny awtomatlaşdyrmaga çalyşýar. Hasaplaýjy we maglumatlary saklaýjy serişdeleriň bir bitewi merkezde utgaşdyrylmagy tehniki serişdeleri netijeli ulanmagyň, şeýle hem edara ediş serişdelerini azaltmagyň mümkinçilikleriniň hasabyna IT-düzümini peýdalanmagyň umumy bahasyny azaltmaga mümkinçilik berer.

Şu taslamada köpugurly merkeziň “Ýeke-täk penjire” gullugyny döretmek göz öňünde tutulýar. Oňa ýüzlenmek bilen döwlet tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlara we esasy edaralaryň, guramalaryň hödürleýän işlerine mümkinçilik alyp bolýar. Bu bolsa hyzmatlary ýerine ýetirmegiň möhletlerini, edara ediş çäreleri resmileşdirilende maliýe serişdeleriniň saklanyş wagtyny azaltmaga, wagty tygşytlamaga we müşderileri üçin amatlylygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi elektron resminama dolanyşygy we elektron hökümet ulgamyny emele getirmekde nobatdaky ädim bolup durýar. Ony döretmek meselesini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürdi.

Etrap merkezleriniň we oba ýerleriniň ilatyna elektron hyzmatlaryny üpjün etmek maksady bilen, oba ýerlerinde tehniki enjamlary oturtmak, elektron poçta aragatnaşyk bölümleriniň işini ýola goýmak zerurlygy ýüze çykýar. Maglumat ugurlary ulgamyna ygtybarlylygy, howpsuzlygy welaýatlarda halkalaýyn optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny geçirmek işleriniň derejesini artdyrar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň elektron hyzmatlaryny doly möçberde ulanmaklaryny üpjün etmek maksady bilen, ID-kartlary giriziler. Munuň özi içerki pasportlary çalyşýan kartlardyr. ID-kartasy şahsyýeti tasssyklaýan resminama bolmak bilen, ol kartyň eýesi barada doly maglumaty, onuň suratyny, şahsy belgisini, golunyň nusgasyny we biometrik maglumatlaryny öz içine alýar.

Elektron hyzmatlarynyň ösdürilmegi täzeçil tehnologiýalar boýunça ýöriteleşdirilen bölümler döredilen her bir ministrlikde, edarada we düzümde degişli progrrama üpjünçiligi bolan işläp taýýalamalary talap edýär. Şeýle hem elektron ulgamyň goraglylygyny üpjün etmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak zerurlygy ýokarlanýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň elektron senagatynyň we elektron hyzmatlary ulgamynyň ösüşiň wezipelerine laýyklykda, tebigy gazyň, suwyň, elektrik energiýasynyň ulanylyşyny hasaba alýan tehnik serişdeleriň önümçiliginiň öz ýurdumyzda ýola goýulmagy göz öňünde tuulýar. Munuň özi Internet-ulgamynyň, Wi-Fi enjamlarynyň, gurallarynyň, IP-týunerleriniň we baýlyklaryň sazlaşykly hereketi üçin zerurdyr.

Bäşinji taslama—FM-radioýaýlymlaryny giňeltmegi nazarlaýar. Häzirki güne çenli paýtagtymyzda we onuň töwereklerinden başga ýerlerde radioýaýlymlaryň tutýan zolagy ýeterlik däldir. Häzir bu görkeziji umumy çägiň ortaça 60 göterimine barabardyr. Milli radioýaýlymlary ýaýratmak üçin FM- radioýaýlymynyň geçiriji enjamlarynyň 90 birligi hereket edýär. Ýurdumyzyň ähli künjekleriniň doly gurşalyp alynmagyny üpjün etmek maksady bilen, dürli kuwwatlyklary bolan 217FM-radio tolkun geçirijilerini oturtmak göz öňünde tutulýar.

Aragatnaşyk tehnologiýalarynyň okgunly ösmegi netijesinde, häzirki öwürde aragatnaşygyň simsiz görnüşi giňden peýdalanylýar. Radio aragatnaşygyň şeýle ulgamlarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek üçin olaryň ulanyş tertibine gözegçilik zerur bolup durýar. Hut şonuň üçin hem altynjy taslama Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanynda döredilen radioýygylyk ulgamynyň peýdalanylyşyna gözegçilik boýunça Döwlet gullugynyň ösdürilmegini göz öňünde tutýar. Munuň özi radioýaýlymlaryň çeşmelerinde bar bolan nädürsligi ýüze çykarýan stasionar we ykjam radiopelengatorlaryň getirilmegini talap edýär.

Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat, Mary we Türkmenbaşy şäherlerinde ýokary derejeli tehniki gözegçiligi geçirmek üçin awtomatlaşdyrylan Döwlet menejment ulgamyny döretmek, radioýygylyk ulgamlarynyň ulanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Munuň özi ýurdumyz boýunça radioýygylyk ulgamyny dolandyrmaga we radioelektron serişdeleriniň elektromagnit ýygylygyny netijeli hasaplamaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň “Radioýygylyk spektri hakynda” Kanunynda emeli tolkuny ulanmazdan Türkmenistanyň çäginde ulanylýan elektrik aragatnaşygyny guramak üçin peýdalanylýan 3 müň gigagersden pes bolan radioýygyjylyk ulgamlarynyň jemi jemlenilýär. Radioýygylyk spektri Türkmenistanyň milli serişdesi bolup durýar we onuň çäklilik derejesini göz öňünde tutup, serişdäni rejeli we netijeli peýdalanmak zerur bolup durýar.

Radioýygylyk spektrini peýdalanmagy dolandyrmak işi dürli radio gulluklarda oturdylan enjamlaryň biri-birine ýaramaz täsirini aradan aýyrýan birnäçe tehniki we edara ediş kadalaryny öz içine alýar.

Menejmentiň döwlet awtomatlaşdyrylan ulgamy radioýygylyga hem-de elektromagnit bitewüligine berkidilen ölçegleriň anyk hasaby üçin maglumat binýadyny döretmäge, radioýygylygy berkitmäge we radiotolkuny boýunça gelip gowuşýan arzalary awtomatik esasda işläp taýýarlamaga, şeýle hem radioýygylyk spektrleri boýunça halkara ylalaşyklaryny we beýleki işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Bu çäreleri ýerine ýetirmegiň dowamynda dolandyryş ulgamynyň, simsiz aragatnaşygyň, telekommunikasiýa ulgamlarynyň we beýlekileriň işine gözegçiik işleri, ony guramagyň ýörelgeleri, oňa bolan umumy çemeleşmeler işlenip taýýarlanylar. Meýilleşdirilen işleriň amala aşyrylmagy ilatyň, şol sanda oba adamlarynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, halk hojalyk toplumynyň netijeliligini, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, dünýä bazaryna doly derejede goşulmagyny we maýa goýum özüne çekijiligini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Şunuň ýaly meýilnmalaryň taýýarlanylmagy öňdebaryjy daşary ýurt maýadarlarynyň, hususan-da, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde ýerleşýän halkara maliýe guramasy bolan Yslam ösüş bankynyň ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar.

Yslam ösüş banky bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, Türkmenistanyň Aragatnaşy ministrliginiň “Internet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak” taslamasynyň esasy bölegi maliýeleşdiriler. Şunda, 20 ýyllyk möhlet bilen karz serişdesi berler. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda Yslam ösüş bankynyň gatnaşmagynda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, Türkmenistanyň özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny anyk berjaý etmegi we amatly karzlaşdyryş şertleriniň döredilmegi şeýle çözgüdiň kabul edilmegini şertlendrdi. 2005-2007-nji ýyllarda Yslam ösüş banky Aşgabat-Türkmenbaşy optiki-süýüm-aragatnaşyk ulgamynyň, paýtagtymyzdaky sanly bekediň gurluşygyny maliýeleşdirdi. Maýadarlaryň pikirine görä, bu taslama türkmen hyzmatdaşlarynyň nobatdaky çözgüdi kabul etmeginde möhüm orun eýeledi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligi diňe bir ägirt uly energiýa serişdeleriniň gorlary bilen däl, eýsem oňa halkara işewür toparlarynyň baha bermegi bilen şertlenendir. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ilatyň durmuş derejesiniň durmuş-ykdysady görkezijileriniň ýokarlandyrýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň durmuş ülňüleriniň ýokarlanmagy, onuň maddy üpjünçiligi we abadançylygy ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamynyň we telekommunikasiýa tehnologiýasynyň ösdürilmegini üpjün edýär.