Ýurduň obasenagat toplumy täze oba hojalyk möwsümine taýýarlyk görýär

Ýurtda OST-nyň tehniki düzümleri täze oba hojalyk möwsümine işjeň taýýarlyk görýärler. Dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk enjamlaryny ödürijilerden tehnikalar gelip gowuşýar, maşyn-traktor parky we ýer gazyjy maşynlar täzelenilýär. Şeýlelikde döwlet tarapyndan ýurduň oba senagat toplumyny hil taýdan täze tehnologik derejä çykarmak we netijeli ýöretmek üçin şertler dörediýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda ýurduň Oba we suw hojalyk ministrligi «John Deere» we«Claas» kompaniýalary bilen täze oba hojalyk tehnikalaryny almaga şertnama baglaşdy, oňa laýyklykda 2017-2020-nji ýyllarda Türkmenistana iň täze oba hojalyk maşynlary, olaryň ätiýaçlyk şaýlary we olarda ulanylýan serişdeler, şeýle hem azallar, tohum sepijiler we beýleki enjamlar getiriler. Enjamlaryň ählisi deslapan ýerli toprak-howa şertlerinde barlanyldy. Olaryň birinji tapgyry tomus gelip gowuşdy we güýzki galla oragynda ulanylanda öz netijeliligini görkezdi.

Şu güne çenli şu ýyla göz öňünde tutulan tehniklardan «John Deere W540» kysymly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 150-si, «John Deere 9970» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 200-si , «John Deere 8245R» traktorlarynyň 400-si, şeýle hem «John Deere 3810» kysymly asma azallaryň 400-si oba hojalyk parkynyň üstüne goşuldy, olaryň hemmesi Şweýsariýanyň «John Deere International GmbH» kompaniýasyndan alyndy. Şu tehnikalaryň we kombaýnlaryň soňky nusgalary öňde goýlan wezipä laýyklykda işleýşini we ýangyç harçlanyşyny düzgünleşdirmäge niýetlenen elektronika bilen üpjün edilendir.

Germaniýanyň «Claas» kompaniýasy hem öz önümlerine biziň ýurdumyzdan uly tabşyryk aldy. Şu güne çenli ýurdumyza «Axos 340HC» we «Axion-850» kysymly ýer sürýän traktorlaryň 410-sy, şeýle hem «Tucano-430» kysymly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 196-sy we «Lemken» kompaniýasyndan «EurOpal 95 N100» kysymly azallaryň 200-si getirildi. Geljek ýyl hem Ýewropanyň maşyngurluşykçylaryndan şu kysymly tehnikalar alnar. Şeýle hem Türkmenistan şu ýyl Özbegistan Respublikasyndan МХ-1.8 kysymly döwrebaplaşdyrylan pagta ýygyjy kombaýnlaryň 500-sini satyn aldy.