Göreji boýunça maýyplaryň arasynda küşt we halkara şaşkasy boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijileri belli boldy

Daşoguz şäherinde göreji boýunça maýyplaryň arasynda küşt we halkara şaşkasy boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa welaýatlaryň ählisinden we Aşgabat şäherinden toparlar gatnaşdylar. Bäsleşigi Türkmenistanyň maýyplar Merkezi bedenterbiýe-sport kluby gurnady.

Güýçleriň intellektual bäsleşikleri çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň jemleýji tapgyrynyň aýgytlaýjy döwleriniň netijesinde Daşoguz welaýatynyň topary (tälimçisi Kuwwatguly Taganow) ynamly ýeňiş gazandy. Demirgazyk sebitiň güýçli küştçileri sport ussatlygyna dalaşgär Mergen Muhaýew, şeýle hem zehinli türgenler Mahym Taganowa, Abdylla Abdyllaýew, Ýoldaşbaý Täjiýew oýnuň taktikasyny we strategiýasyny gowy bilýändiklerini subut etdiler. 8 utuk toplan aşgabatly küştçüler ikinji, Mary welaýatynyň topary üçünji orny eýelediler.

Halkara şaşkasy boýunça ýaryşda Lebap welaýatynyň topary öňe saýlandy. Ikinji we üçünji orunlar Aşgabat şäheriniň hem-de Daşoguz welaýatynyň toparlaryna berildi.

Ýeňijilere we baýrakly orunlary eýelänlere milli ýaryşyň guramaçylarynyň döreden Kubogy, diplomlary hem-de gymmatly baýraklary gowşuryldy.