Küweýtiň emiri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ynam bildirdi

Kuweýt Döwletiniň Emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda şeýle diýilýär: Kuweýt Döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda oňat derejeli gatnaşyklaryň bardygyny kanagatlamak bilen belleýärin hem-de iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan bilelikdäki gyzyklanmany aýratyn nygtamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňize Kuweýt Döwletine resmi sapar bilen gelip görmäge çakylygymyzy kabul edenligiňiz üçin hoşallygymy bildirýärin. Bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini netijeli ara alyp maslahatlaşmakda, köp ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňelmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistana hem-de türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.