Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda eksporta ugradylýan ýokary oktanly benzin çykarmak ýola goýuldy

Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynyň durky täzelenenden soň bu ýerde 100 müň tonna golý awtomobil ýangyjy çykaryldy. Birnäçe aý mundan ozal awtomobil benzinlerini öndürmekde ulanylýan ýokary oktanly komponenti almaga niýetlenen LÇ 35-11/1000 katalitik riforming enjamy işe girizildi. Onuň kuwwatlylygy ýylda 500 müň tonna benzin çykarmaga niýetlenendir. Bu enjamda baryp çärýek asyr mundan ozalam ýokary oktanly riformat çykarylýardy. Emma Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawody ýurduň awtobomil ýangyjyna islegini doly kanagatlandyransoň bu enjAM ýigrimi ýyldan gowrak wagt ulanylmady.

Ýurduň senagatynyň güýçli depginde ösmegi, ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy we ýurtda awtomobilleriň köpelmegi awtomobil ýangyjynyň önümçiliginiň artdyrylmagyny talap etdi. Şu maksat bilenem Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynyň durky täzelendi. Westport Trading Europe Limited (ABŞ) kompaniýasynyň hünärmenleri könelen tehnologik enjamlary çalyşdylar, şeýle hem enjama goşmaça hilini ekstrasion benzin derejesine ýetirýän göni saplaynýan ýeňil benzini dearomatizirleýän blok goýdylar. Häzirki wagtda Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylýan A-92 belgili awtomobil benzini we dizel ýangyjy daşary ýurtlara iberilýär.

2015-nji ýylda hem amerikaly hünärmenler TDS talaplaryna laýyk gelýän ýol bitumyny çykarýan enjamy işe girizipdiler. Iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bu ýerde ýylda 32,3 müň tonna bitum çykarmak göz öňünde tutulýar.

Ýylyň başyndan bäri Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda 485 müň tonnadan gowrak uglewodorod çig maly gaýtadan işlenildi, munuň özi meýilanmadakydan 13 göterime golaý köpdür. Esasy önümler bolan ekstrasion we göni saplanynýan benziniň çykarylyşy hem artdy. Kärhanada nebti deslapdan duzlardan arassalamak we gaýtadan işläp saplamaga niýetlenen kombinirlenen atmosfera-wakuum enjamy işledilýär.

Lebaply nebti gaýtadan işleýjiler tebigy çig maly- Ýaşyldepe, Baharly, Ýylakly, Mydar, Soltanbent ýataklaryndan gelýän nebitdir gaz kondensatyny, şeýle hem

„Türkmengaz“ DK-nyň gaz çykarýan müdirýetleriniň bäşisinden gelýän kondensaty ulanýarlar