Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi – BMG-niň parahatçylyk döredijilik işinde ajaýyp düzüm

Soňky döwürde milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ugruna, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine gönükdirilen başlangyçlarynyň hem-de anyk işleriniň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegi hem-de pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 72-nji maslahatynyň 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda geçirilen 55-nji umumy mejlisiniň barşynda “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly rezolýuçiýany kabul etdi, Milletler Bileleşiginiň agza döwletleriniň 57-si onuň awtordaşlary hökmünde çykyş etdiler. Gün tertibiniň 65-nji meselesi boýunça “ Dünýä gurluşy we parahatçylygy saklamak” ady bilen garalan rezolýusiýanyň taslamasy Türkmenistan tarapyndan teklip edildi hem-de onuň awtordaşlary hökmünde çykyş eden BMG-niň agza döwletleriniň şeýle ýokary goldawyna eýe boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu örän möhüm resminamasynyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä beleleşigi tarapyndan Öňüni alyş diplomatiýasynyň iş teäribesiniň parahatçylygy döretmegiň netijeli guraly hökmünde hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýandygyny äşgär deýär, onuň möhümligi häzirki zaman şertlerinde has-da duýulýar. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işlerine şeýle ýokary bahanyň berilmegi, ozaly bilen, Türkmenistanyň hem-de onuň Baştutanynyň eýeleýän işjeň ornunyň goldanylýandygyny doly derejede aýan edýär, ýurdumyzyň we döwlet Baştutanymyzyň möhüm halkara başlangyçlary sebitiň iň möhüm hem-de wajyp meselelerini çözmek üçin has amatly ýagdaýyň döredilmegine, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine bilelikdäki hyzmatdaşlyga özara kabul ederlikli has netijeli çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi BMG-niň parahatçylyk döredijilik işlerinde netijeli düzüm bolup durýar. Onuň döredilmegi baradaky başlangyç bilen sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň pugtalandyrylmagy we howpsuzlygyň üpjün edilmegi meseleleri boýunça düýpli taglymlar bilen çykyş edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi. Netijeli sebitleýin gepleşikleriň hem-de Milletler Bileleşiginiň derejesinde hyzmatdaşlygyň netijesinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu merkez BMG-niň syýasy missiýasynyň taryhynda ilkinjidir, onuň ygtyýarlyklaryna häzirki zaman şertlerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny nazara alýan Öňüni alyş diplomatiýasy girýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň girişinde Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň açylmagynyň şanly 10 ýyllygynyň ýokary ähmiýetine aýratyn üns berilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy syýasy Gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda toplanan tejribäniň möhümdigini nygtaýar, ol umumy meseleleriň çözgüdi üçin toparlaýyn çäreleriň kabul edilmegine hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň bu taryhy resminamany kabul etmegi mynasybetli Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda “2007-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda dabaraly ýagdaýda açylan Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi geçen döwrüň içinde sebitdäki ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly we ylalaşykly çözmek boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berip geldi. Sebitiň ýurtlarynyň ählisiniň goldaw bermeginde bu Merkeziň açylmagy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin zerur şertleri döretmekde dünýä bileleşiginiň alyp barýan işleriniň ugrunyň birdigini ýene-de bir gezek tassyklady” diýip belledi. Dünýä Bileleşigi tarapyndan Türkmenistana bildirilýän belent ynam hem-de hormat, şol bir wagtyň özünde uly jogapkärçiligi hem üstümize ýükleýär. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň bitarap döwletiň borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirip, dünýäde ägirt uly hormata eýe bolýandygyny aýratyn nygtady.

Birleşen Milletler Guramasy jedelleriň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagyna ýardam bermek boýunça tagallalary goldamak üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň möhüm orny babatynda bellemek bilen, kabul edilen Rezolýusiýada sebit merkeziniň öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda parahatçylyga wehim salynmalarynyň garşysyna durmak hem-de sebitde durnukly ösüşi goldamak maksady bilen, gerimleýin sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletlerine ýardam bermekdäki ornuny ykrar edýändigini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň ýurtlarynyň toplan hyzmatdaşlyk tejribesi halkara meselelerini syýasy, diplomatik ýollar bilen çözmegiň täsirli gurallaryny öňe sürmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklaýar, şunda, Öňüni alyş diplomatiýasyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň BMG hem-de onuň düzümleri, şol sanda sebit merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlygy sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynda, hyzmatdaşlyk ýagdaýynyň kemala getirilmeginde we durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmeginde oňyn çemeleşmeleriň bilelikde işläp taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň sebitiň ägirt uly tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de daşky gurşawyň ekologiýasyna aýawly çemeleşmek babatynda iri halkara başlangyçlarynyň öňe sürülendigini hem-de olaryň soňra durmuşa geçirilendigini bellemek gerek. Şu nukdaý nazardan, kabul edilen rezolýusiýanyň Girişindäki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitde suw hem-de energetika serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak baradaky mesele boýunça özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak üçin tagalla etmäge taýýardyklarynyň möhümdigi baradaky ýagdaý beýan edilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasy şeýle hem sebit mekreziniň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine, ozaly bilen bolsa, terrorçylygyň hem-de ekstremizmiň garşysyna göreşmek babatynda hyzmatdaşlygy goldamakda anyk wezipesini belleýar. Öňüni alyş diplomatiýasynyň on ýyllyk tejribesi, şeýle hem BMG-niň sebitde terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasynyň ähli düzümleriniň toplumlaýyn hem-de deňeçer amala aşyrylmagy babatynda uly ähmiýete eýe bolýar. Şunda, Baş Assambleýa 2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň we Merkezi Aziýanyň BMG-nyň Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli gepleşiklere gatnaşyjylar tarapyndan kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň düzgünlerine ünsi çekýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly rezolýusiýasynyň esasy bölegi Sebit merkeziniň işini goldamak ruhunda beýan edilendir, şunda sebitiň ýurtlarynyň hökümetleri bilen gatnaşyklary saklamagy dowam etmek, olaryň razylygy bilen beýleki degişli taraplar bilen hem Öňüni alyş diplomatiýasy meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek maslahat berilýär. Kabul edilen resminamada Baş Assambleýa tarapyndan sebit merkeziniň sebitde durnuklylygy, parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge berýän ýardamy kanagatlanma bilen bellenilýär. Oňyn tejribäniň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň umumylaşdyrylmagynyň esasynda Sebit merkezine parahatçylyga, durnuklylyga we durnukly ösüşe wehimleri ýeňip geçmek üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň we gepleşikleriň binýadynda sebitiň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maslahat berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Merkeziň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň bu Merkez bilen netijeli hyzmatdaşlyga doly derejede taýýardygyny aýdyp, onuň işleriniň biziň sebitimiziň duçar bolýan meselelerini çözmäge ägirt uly täsirini ýetirmäge ukyplydygyna ynam bildirdi. “Biz Merkeziň ýerleşdirilýän ýeri hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty – Aşgabadyň saýlanyp alnandygyna ýokary baha berýäris hem-de muňa BMG tarapyndan ýurdumyza bildirilýän uly ynam hökmünde garaýarys, ýokary jogapkärçiligi duýmak bilen, biziň ýurdumyzyň Merkeziň netijeli işlemegi üçin ähli zerur zatlary etjekdigini ynandyrmak isleýärin” diýip, milli Liderimiz belledi. Soňky wakalaryň ösüşi, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp baran işleri hormatly Prezidentimiziň ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan bu düzümi döretmek boýunça başlangyjynyň esaslydygyny aýdyň görkezdi.

Sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllyk senesi BMG-niň senenamasynda ilkinji gezek baýramçylyk hökmünde bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanyna gabat gelýär, munuň özi hem dünýä diplomatiýasynyň iň täze taryhynda şanly wakadyr. Taryhy ölçegler boýunça Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işlemeginiň on ýyllyk döwri Merkezi Aziýa üçin sebitde özara gatnaşyklaryň düýpgöter täze nusgasyny we täze medeniýetini ornaşdyrmak, ösdürmek we ýaýratmak babatynda ilkinji ädimleriň ädilmegini alamatlandyrdy. Şu döwrüň dowamynda Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinji gezek BMG tarapyndan işlenip taýýarlanylan syýasy-hukuk guralynyň hem-de bu guramanyň ägirt uly abraýyny hasaba almak bilen, sebitde syýasy gatnaşyklaryň höweslendirilmegine ýardam berýän hemişe hereket edýän düzüm netijeli işleýär. Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi BMG-niň sebit düzümi höküminde Milletler Bileleşiginiň syýasy we guramaçylyk mümkinçiliklerini, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň mümkinçiliklerini peýdalanmaga ýardam berýändigi örän möhüm şert bolup durýar.

Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň mysalynda “bitaraplyk” we “öňüni alyş diplomatiýasy” düşünjeleri sazlaşykda olaryň üýtgewsiz bitewiligi täze ýüz ýyllygyň ilkinji on ýyllygynyň ýagdaýlary arkaly iş ýüzünde beýanyny tapýar. Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň bu düzüminiň işiniň ýubileý senesine geçirilen işleriň käbir jemlerini jemlemäge hem-de olary seljermäge, möhüm halkara meseleleri boýunça bilelikdäki işiň mümkinçiliklerine baha bermäge oňat mümkinçilik hökmünde garamak bolar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň derejesinde degişli rezolýusiýa garalmagy we kabul edilmegi halkara bileleşiginiň Öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerine ýokary gyzyklanma bildirýändiginiň, adamzadyň Bitarap Türkmenistanyň mysalynda parahatçylyk döredijilik kuwwata ynamynyň subutnamasydyr. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatdaky ştab-kwartirasynyň işiniň dowamynda toplanylan bu tejribä ýokary baha berilmegi gürrüňsiz suratda iş ýüzünde uly peýda getirer. Merkezi Aziýa döwletleriniň, tutuş halkara bileleşiginiň parahatçylygy saklamak we pugtalandyrmak, bar bolan wehimlere garşy üstünlikli göreşmek, ösüşiň umumy wezipelerini çözmegiň bähbidine özara düşünişmegi hem-de ynamy pugtalandyrmak işinde soňraky tagallalarynyň netijeli we maksada okgunly bolmagyna ýardam eder.

Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň düýpli binýady bolup durýan Türkmenistanyň Bitaraplygy özünde halkara hukugynyň we diplomatiýasynyň üýtgewsiz ýörelgelerini, şeýle hem parahatçylyk dörediji gatnaşyklaryň oňyn tejribesini we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iri başlangyçlaryň öňe sürülmegi hem-de amala aşyrylmagy esasynda öňüni alyş çäreleriniň durmuşa geçirilişini özünde jemleýär. Özüniň Bitaraplyk hukuk derejesinden hem-de halkara borçnamalaryndan gelip çykýan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň ähli meseleleri syýasy we diplomatik serişdeler arkaly, esasan-da, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň üsti bilen çözülmegi göz öňünde tutulýan ýagdaý Türkmenistan üçin binýat goýujy şert bolup durýar. Türkmenistan bu ýörelgelere iş ýüzünde eýermek bilen, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň özüniň daşary syýasatynyň özeni bolandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny anyk işleri arkaly subut edýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, göz öňünde tutulan meýilnamalara hem-de seçip alan ugruna laýyklykda, döwletimiz daşary syýasat strategiýasynda dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde maksada laýyk we yzygiderli ösdürýär. Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda çykyş edip: “Türkmenistan oňyn bitaraplygyň esasy ýörelgelerini goldanmak bilen, diňe bir mähriban halkymyzyň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbitleri üçin hem işjeň daşary syýasaty alyp barýar. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017–2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzy berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, aýratyn belledi.

Türkmenistanyň BMG hem-de onuň düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamaga, onuň durnukly ösüşiniň maksatnamalaýyn wezipelerini çözmäge gönükdirilen täze netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda öz beýanyny tapýar. Mundan on ýyl ozal Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň resmi taýdan açylmazyndan öň, uly we netijeli taýýarlyk işleriniň, yzygiderli gepleşikleriň geçirilendigini bellemek zerurdyr. Köp meseleleriň çuňňur seljerilmegi we olaryň üstünde işlenilmegi, strategiki taýdan esaslandyrylmagy bu merkeziň diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde BMG-niň şeýle düzümleriniň ilkinjisi bolup durýandygy bilen hem baglanyşyklydyr. BMG-niň Türkmenistany häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge oýlanyşykly çemeleşmeleri görkezýän jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygy hem-de ýurdumyza parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş arzuw edýändigi hem uly ähmiýete eýedir.

Geçen ýyllar hormatly Prezidentimiziň Aşgabatda BMG-niň Sebit merkeziniň ştab-kwartirasyny açmak barada öňe süren pikiri öňüni alyş diplomatiýasyna, şol sanda BMG-niň işiniň çäklerinde görýän çärelerine batyrgaý we täzeçil çemeleşmäniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Taglymatlaýyn pikiriň durmuşa geçirilmegi BMG-niň we sebit bileleşiginiň düşünmegi hem-de ylalaşmagy, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasynda şeýle Merkeziň zerurdygy barada, galyberse-de, Öňüni alyş diplomatiýasynyň parahatçylygy döredijilige maýa goýumdygyna düşünmegi bilen berkidildi. Şunda milli Liderimiz hut BMG-niň we oňa agza döwletleriň üstüne halkara dawalaryny we bütin dünýäde gapma-garşylykly ýagdaýlary çözmek boýunça jogapkärçiligiň ýüklenendigine ünsi çekdi. Bu barada BMG-niň Tertipnamasynyň 1-nji maddasynda aýdylýar. Onda bu halkara guramasyna halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny saklamak hem-de şu maksat bilen parahatçylyga salynýan howpuň öňüni almak we aradan aýyrmak üçin netijeli toparlaýyn çäreleri görmek ygtyýary berilýär.

BMG-niň Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän şeýle täsin düzüminiň döredilmegi häzirki zaman şertlerinde ilkinji ädim boldy. Şunda parahatçylygy saklamak we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalary öňki taryhy döwürlerden düýpli tapawutlanýan hil taýdan täze häsiýete hem-de ösüşe eýe bolýar. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezini döretmek baradaky pikiri öňe sürmek bilen, düýbünden täze ýol bilen öňe gitdi. Şunda Öňüni alyş diplomatiýasynyň çäreleri durmuşa geçirilende, BMG-niň syýasy-hukuk gurallaryna daýanmak möhüm bolup durýar. Şol gurallar bolsa döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmaga, olaryň içerki işlerine goşulyşmazlyga, deňhukuklylyga hem-de hoşmeýilli erk-islege esaslanýar. Şeýlelikde, on ýyl mundan ozal halkara giňişliginde könelen pikirlerden we ýörelgelerden azat täze syýasy psihologiýany kemala getirmek ýolunda möhüm ädim ädildi. Merkeziň döredilmegi BMG-niň derejesinde, şeýle hem maksatnamalar we agentlikler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetleri bilen netijeli geňeşmeleriň netijesidir. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi Baş sekretaryň Wekili tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän syýasy missiýa hökmünde döredildi. Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň mysalynda öňüni alyş diplomatiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek ilkinji gezek BMG-niň Aşgabatdaky sebit merkezi görnüşinde düzümleýin-guramaçylyk görnüşe eýe boldy.

Bu merkezi döretmek baradaky mesele bütin dünýäniň hormatly Prezidentimiziň maksada okgunlylygyny we gujur-gaýratyny duýup başlanyndan soň, has anyk häsiýete eýe bolandygyny bellemek zerurdyr. Milli Liderimiziň maksada okgunlylygy, açyklygy we öňdengörüjiligi bilen sazlaşýar. BMG-niň ýokary edaralarynyň derejesinde kabul edilen çözgüt hormatly Prezidentimiziň halkara giňişliginde anyk we aýdyň ädimleriniň seljermesi esasynda kabul edildi. Bu çäreler halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen iri başlangyçlaryň ençemesi bilen utgaşdyryldy.

Merkeziň döredilmegini şertlendiren esasy pikirler BMG-niň Baş Assambleýasynyň tabşyrmagy boýunça ýörite hasabaty taýýarlan BMG-niň ýokary derejedäki toparynyň materiallarynda hem beýan edildi. BMG-niň Baş sekretary 2007-nji ýylyň 7-nji maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine iberen hatynda (№ S/2007/279): “Men Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezini döretmek baradaky pikirimi habar berdim” diýip aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, Öňüni alyş merkeziniň döredilmeginiň maksatlarynyň biri gapma-garşylyklaryň öňüni almak ulgamynda BMG-niň mümkinçiliklerini güýçlendirmegiň zerurlygyndan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Öňüni alyş merkeziniň üstüne şu aşakdaky wezipeler ýüklenildi:

• Döredilýän Merkez BMG-niň sebitiň döwletleriniň hökümetleri, şeýle hem beýleki düzümleri bilen Öňüni alyş diplomatiýasyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly meselelerde özara gatnaşyklaryny üpjün etmäge ýardam etmelidir. Munuň özi gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň anyk meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, Öňüni alyş diplomatiýasynyň derwaýys meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda ýene-de bir mümkinçilik bolar;

• Ýerlerde ýagdaýlaryň monitoringini geçirmek we seljermek hem-de BMG-niň Baş sekretaryny gapma-garşylyklaryň öňüni almak boýunça tagallalar ulgamynda anyk ýagdaýlar baradaky maglumatlar bilen üpjün etmek. Şu nukdaýnazardan Öňüni alyş diplomatiýasynyň mazmuny we usullary geosyýasy prosesleriň çuňňur monitoringini geçirmek, sebitiň ösüşiniň geljegine strategiki baha bermek we uzakmöhletli çaklamalary amala aşyrmak bilen şertlendirilendir;

• Öz işinde Merkez Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki sebit guramalary bilen gatnaşyk saklar. ÝHHG, GDA, ŞHG we beýleki sebit guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak, parahatçylyk döredijilik tagallalarynda we başlangyçlarynda olara ýardam bermek hem-de ýörite ygtyýarlyklarynyň çäklerinde olar bilen maglumatlary alyşmak we tagallalary utgaşdyrmak parahatçylyk döredijilik tagallalary we başlangyçlary durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam etmelidir. Şeýle özara gatnaşyklar has ýokary guramaçylyk derejesinde tagallalaryň utgaşdyrylmagyny we maglumatlaryň alşylmagyny hem göz öňünde tutýar;

• BMG-niň sebit düzümi bolmak bilen, Merkez BMG-niň ulgamynyň utgaşdyryjy – rezidentleriniň tagallalaryny goldamak üçin syýasy şertleri üpjün etmäge hem ýardam etmelidir. Bu tagallalar, ilkinji nobatda, öňüni alyş çärelerini kabul etmekde we amala aşyrmakda hem-de ynsanperwerlik kömegini bermekde bitewi çemeleşmäni kemala getirmekden ybaratdyr;

• Ýerlerdäki ýagdaýyň monitoringini amala aşyrmak we seljermek, BMG-niň Baş sekretaryny parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak meseleleri boýunça taraplaryň görýän çäreleri we özara gatnaşyklary barada yzygiderli maglumatlar bilen üpjün etmek bu sebit düzüminiň üstüne ýüklenilýän derwaýys wezipeleriň biridir;

• Sebitde doly hem-de utgaşdyrylan seljermäni üpjün etmek üçin UNAMA bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak.

Howpsuzlyk geňeşiniň Başlygynyň 2007-nji ýylyň 15-nji maýyndaky jogap hatynda (№ S/2007/280) BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň razylygy bellenildi hem-de BMG-niň täze düzüminiň işi, hususan-da, onuň sebitde işläp başlanyndan ýarym ýyl geçeninden soň, onuň işi barada habar bermegi hakyndaky haýyş beýan edildi.

Merkeziň açylmagy halkara bileleşigi tarapyndan Merkezi Aziýada bolup geçýän wakalara uly üns berilýändiginiň hem-de ählumumy işlerde sebitiň eýeleýän ornuna we ähmiýetine oňat düşünilýändiginiň, sebit meselelerini çözmekde, Merkezi Aziýa sebitiniň halklarynyň we döwletleriniň howpsuzlygyny, durnuklylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça uzakmöhletleýin maksatlara ýetmekde uly ýardam bermäge çalşylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň Merkeziň ýerleşýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy BMG hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan türkmen döwletine ynam bildirilýändigini we ägirt uly jogapkärçiligi alamatlandyrdy.

Sebitiň ýurtlarynyň okgunly ösmegi hem-de olaryň her biriniň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga islegleriň artmagy öňüni alyş diplomatiýasynyň tejribesine täze talaplary kemala getirýär. Köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze çemeleşmelerini we usullaryny işläp taýýarlamak XXI asyryň täze ýagdaýlary şertlerinde halkara gatnaşyklarynyň serişdelerini we usullaryny amala aşyrmagyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly taglymatlaýyn meseleleriň tutuş toplumyny işläp taýýarlamak boýunça uly ylmy we seljeriş işleri bilen utgaşdyrylýar. Geçen döwürde BMG-niň sebit merkeziniň işi babatda toplanan tejribe hem bar bolan wehimleriň we howplaryň derejesini peseltmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan çäreleri işläp taýýarlamaga ýardam edýär. Türkmenistan BMG-niň sebit merkezi bilen tejribe alyşmak, sebit ösüşiniň monitoringini geçirmek we baha bermek, öňüni alyş diplomatiýasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şunda öňüni alyş diplomatiýasy diýen düşünjäniň üsti hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara ähmiýetli iri ykdysady, ulag-üstaşyr taslamalarynyň amala aşyrylmagy durmuş babatda durnuklylygyň özboluşly kepilliginiň möhüm şerti bolup durýar. Munuň özi durmuş durnuklylygyny pugtalandyrmak, uzakmöhletli parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek wezipelerini çözmek üçin wajypdyr.

Durnukly energetika we ulag, tebigaty goramak we ekologiýa, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistan ýurdy we tutuş jemgyýeti durnukly ösdürmegiň ygtybarly esasyny döretmek işinde görelde bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG Türkmenistan bilen ýola goýlan ýokary derejeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär we ýurdumyzyň işjeň ornuny aýratyn belleýär. Soňky ýyllarda ýurdumyz möhüm başlangyçlaryň ençemesi, şol sanda suw we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak, BMG-niň terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek, bosgunlara ýardam bermek boýunça tagallalaryny utgaşdyrmak hem-de halkara we sebit gün tertibiniň beýleki derwaýys meselelerini çözmek boýunça başlangyçlary öňe sürdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet parasatlylygy we ýokary ynsanperwerligi, öňdengörüjiligi hem-de başarjaňlygy, ýokary guramaçylyk häsiýetleri we yzygiderliligi milli ösüşiň uzakmöhletli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň we ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyny netijeli amala aşyrmagyň esasynda durýar. Türkmenistanyň işiniň mysalynda Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy häzirki wagtda ählulumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek we berkitmek boýunça möhüm wezipeleri çözmekde binýatlaýyn esaslaryň bitewüligini görkezýär.