“Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda monument gurlar

Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine şol bir wagtda buýrujy we baş potratçy hökmünde Amyderýanyň üstünden geçýän “Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda ýadygärlik ýazgyly monumentiň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak işlerini amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2017-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we monumenti 2018-nji ýylyň mart aýynda doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.