Türkmenistanda Kuba Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Nýewes Portuondodan ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini Türkmenistanda diplomatik işiniň başlanmagy bilen gutlap, dostlukly özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek işinde üstünlikler arzuw etdi.

Diplomat öz nobatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Doly ygtyýarly wekil türkmen-kuba gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşjakdygyny aýdyp, bütin dünýäde bolşy ýaly, Kubada hem türkmen Lideriniň oňyn syýasatyna hem-de parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy abadançylygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini we doly goldanylýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek meselesi barada durlup geçilip, parlamentara gatnaşyklary, işewür hyzmatdaşlygy, hususan-da, saglygy goraýyş, dynç alyş we syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak hem-de medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

* * *

Şol gün Kuba Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şol ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Jenap Alfredo Nýewes Portuondonyň ýurudumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesinde meýilleşdirilen duşuşyklarynyň barşynda saglygy goraýyş, derman senagaty, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-kuba hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.