Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine Şöhrat Amangeldiýewi belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Amangeldiýew Şöhrat Annagurbanowiç Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary Arman Muhammetnazarowiç Gurbanowyň üstüne ýüklenildi.