5-6-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

Döredijilik çäresini geçirmek üçin dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat wekilçilikli topar ýurdumyza geler.

Türkiýäniň Medeniýet günleriniň çäklerinde döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, doganlyk ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we fotosuratlaryň sergileri guralar hem-de beýleki çäreler geçiriler.

Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine baryp görmegi öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.