Myrat Arçaýew Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellendi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Myrat Gurbandurdyýewiç Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi. Häzire çenli ol Döwlet ministriniň – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.