Özbegistanlylar „Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitap bilen tanyşýarlar

Daşkentde, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň jaýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitaby bilen tanyşdyrylyş boldy.

Çärä Özbegistan Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ylymlar Akademiýasynyň, Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we bu ýerde ýaşaýan türkmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Şiri Şiriýew, HHR-iň diplomatik wekilhanasynyň baştutany Sun Lisze, professor,taryh ylymlarynyň doktory Ahatjon Hujaýew we Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň mugallymy, syýasy ylymlaryň kandidaty Zibo Zaripowa çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň Gündogar we Günbatar halklarynyň arasynda ykdysady, diplomatik, ynsanperwer gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine köpugurly seljerme jähtinden ähmiýetini bellediler. Kitabyň esasy taglymatynyň Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýolunyň jähtinden uly möçberli durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerine we daşary syýasy strategiýasyna düşünmekdigi bellenildi. Eser giň okyjylar köpçüligine gyzykly bolar, çünki ol türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy, däp-dessurlary, dünýä siwilizasiýasyna goşandy bilen tanyşdyrýar.

Duşuşyga gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ kitaby sowgat berildi. Çäre tamamlanandan soň myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.