Daşkentde Halkara Bitaraplyk gününe badyşlanan brifing geçirildi

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan brifing geçirdi. Mälim bolşy ýaly, BMG-nyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjyny goldady we 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda „Halkara Bitaraplyk güni“ hakynda kararnama kabul etdi, ol şu ýyldan başlap her ýyl 12-nji dekabrda baýram ediler. Bu kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyna we onuň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge saldamly goşandynyň ählumumy ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär -diýlip, bellenildi.

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň Daşkentdäki jaýynda geçirilen çärä Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş seridleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri we Özbegistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Brifingiň barşynda bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň daşary syýasat, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy üstünliklerindäki, şeýle hem köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň esasy ugurlaryndaky ähmiýetine üns berildi.

Oňa gatnaşanlar 2017-2023-nji ýyllara ýurduň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasy, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmelriň strategiýasy, şeýle hem 2018-nji ýylyň şygary bolan „Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ şygary jähtinden taryhy mirasyň ylmy barlaglarynyň innowasion ulgamyny kemal getirmegiň wezipeleri bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistan bilen BMG-nyň hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetlidigi we özboluşly ylalaşdyryjy gurluş hökmünde Öňüni alyş diplomatiýasy boýynça sebit merkeziniň işi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-nyň belent münberinden we abraýly halkara forumlaryndaky, hususan-da, Owganystan boýunça , energiýa serişdelrini howpsuz we durnukly üstaşyr geçirmek hakyndaky forumlardaky başlangyçlary, Türkmenistanyň logistiki strategiýasy, şeýle hem maýa goýum we ekologiýa syýasaty beýan edildi.

Çäräniň çäklerinde Garaşsyz Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler, onuň özboluşly taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.