Birleşen Arap Emirlikleri döwletiniň döredilmeginiň 46 ýyllygy bellenilýär

1971-njji ýylda BAE federasiýasynyň döredilmegi sebitde durnukly ösüşiň we progresiň nusgasy boldy,- diýip öz ýurdunyň milli baýramy mynasybetli interwýusynda BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hasan Abdulla Al-Adab aýtdy.

-Pursatdan peýdalanyp, özara hormat we ynanyşmak ýörelgelrine esaslanýan BAE bilen Türkenistanyň arasyndaky özara hereketiň oňyn sazlayklydygyny hem-de onuň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk derejesine ýetenligni belläsim gelýär. Ýokary derejedäki özara saparlar we olaryň netijesi boýunça gol çekilen döwletara ylalaşyklary ähli ugurlar babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat boldy.

Ykdysady özara herekete degip geçip, BAE-niň Ilçisi öz ýurdunyň Türkmenistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň bäşligine girýändigini we iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygynyň ösýändigini belledi. Eger 2015-nji ýylda ol ABŞ-nyň bir milliard üç ýüz otuz million dollaryna barabar bolan bolsa, onda 2016-njy ýylda bir milliard dört ýüz otuz iki million dollara ýetdi. Özi-de, BAE-den Türkmenistana eksportyň paýy ABŞ-nyň bir milliard üç ýüz ýetmiş bäş million dollaryna barabar boldy.

BAE Türkmenistanyň oňyn halkara başlangyçlaryny goldaýar. BAE-niň ýokary derejeli wekilýeti Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşyna, Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň VII maslahatynyň işine, Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşdy.

BAE-niň ösüş ugurlary barada gürrüň edende Ilçi Hasan Abdulla Al-Adab milli derejede öz d aýanlyk, hasabatlylyk we kanunyň rüstemligi ýörelgelrine esaslanýan döwlet dolandyryşynyň nusgasynyň gurlandygyny belledi. Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan ýurduň ösüşiniň strategiýasyny: „Biz girdeji çeşmlerini diwersifikasiýlaşdyrmaga esaslanýan deňagramly ykdysady gurluşy döretmegiň , raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň üstünde işleýäris“ –diýip kesgitledi.

Şunuň bilen baglylykda 2021-nji ýyla çenli BAE-ni ösdürmegiň Konsepsiýasy yglan edildi, onda jemgyýetçilik ylalaşygyna, şahsyýetiň mümkinçiligni ýokarlandyrmaga, ýokary hilli bilim, saglygy goraýyş ulgamyny, bäsleşige ukyply ykdysadyýeti, howpsuz jemgyýeti, adalatlylygy, durnukly daşky gurşawy, ösen infrastrukturany kemala getirmäge we halkara derejesinde döwletiň abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen uzak möhletleýin maksatlar beýan edildi.

BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň adam ösüşi hakyndaky Hasabatynda Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ösüş derejeli ýurltaryň hatayryna girýändigi we jemgyýetçilik howpsuzlygy we durnuklylyg y boýunça öňdäki orunlary eýeleýändigi aýdylýar.

Döwlet döredilen wagtyndan bäri onuň daşary syýasaty durnuklylygy bilen häsiýetlendirilýär we özara düşünişmek, BMG-nyň Düzgünnamasyna eýermek we hoşmeýilli goňşuçylyk, özygtyýarlyk we territorial bütewilik, içerki işlere gatyşmazlyk we jedelleri paraharçylykly ýol bilen çözmek kadalaryna hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Birleşen Arap Emirlikleri daşky dünýä üçin açyklygyň aýdyň nusgasy boldy, bu bolsa ýurtlaryň köpüsi bilen uzak möhletleýin, syýasy, söwda-ykdysady, medeni, ylym-bilim gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna getirdi. BAE dürli sebitlere we halklara ynsanperwer we haýyr-yhsan kömek bermegini dowam etmekçi—diýip, BAE-niň Ilçisi sözüniň ahyrynda belledi.