Türkmenistanyň Prezidentiprokuratura edaralarynyň ulgamynda işgärleri wezipä belledi

Hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen 1-nji derejeli ýurist Rahim Hekimowiç Ataýew Mary welaýatynyň prokurory wezipesine bellenip, ol Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

***

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda:

ýustisiýanyň geňeşçisi Döwran Aýdogdyýewiç Berdimyradow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

1-nji derejeli ýurist Maksat Hojamyradowiç Kulyýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Ruslan Wepakulyýewiç Rebbenakulyýew Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň prokurory wezipesine;

1-nji derejeli ýurist Atabeg Durdymyradowiç Golbaýew Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Annamyrat Baýramalyýewiç Amangeldiýew Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

1-nji derejeli ýurist Şöhrat Ümirowiç Klyçew Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.