Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

Şu gün “Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin Awstriýanyň döwlet edaralarynyň hem-de energetika, maşyngurluşyk, oba hojalygy we azyk senagaty, gurluşyk serişdeleri önümçiligi, ýol gurluşygy, ulag hem-de logistika, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bilim, programma üpjünçiligi ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat topar paýtagtymyza geldi.

Duşuşygyň açylyşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan öňdengörüjilikli özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini, daşary ýurtly işewürler üçin düýpli ýeňillikleriň bardygyny, munuň bolsa özara gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmaga oňyn täsir edýändigini aýratyn bellediler.

Türkmen tarapyndan işewürler maslahatyna birnäçe degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek, Awstriýanyň işewür toparlaryny Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, innowasion önümçilik kärhanalaryny döretmek hem-de öňdebaryjy maglumat we bazary öwreniş tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Awstriýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, ylym we barlag federal ministrliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça baş direktory Frans Wessig ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşýändigi bilen baglylykda işewürler maslahatynyň uly ähmiýetini belledi. Myhman parahatçylyk, döredijilik we durmuş syýasatyny yzygiderli ýöredýän Türkmenistana dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň barha artýandygyny aýratyn nygtady.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaý, maýa goýum işi, hususy telekeçiligi ösdürmegiň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Munuň özi myhmanlara ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin binýatlaýyn, halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi üçin mümkinçilikleri açýan özgertmeleriň giň möçberli alnyp barylýandygy barada aýdyň maglumatlary almaga mümkinçilik berdi.

Işjeň hem-de netijeli ýagdaýda geçen işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň we telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Şolaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy we özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary anyklaşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ösdürljekdigine ynam bildirdiler hem-de ynanyşmak we ikitaraplaýyn bähbitler ýörelgelerine eýerýän türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini ýene bir gezek bellediler.

Maslahatda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de netijeli ösdürmegiň bitewi binýadyny kemala getirmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirip durmagyň wajypdygy bellenildi. Bu möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy ertir, 5-nji dekabrdat Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň 9-njy mejlisinde dowam eder.