Tanymal pianinoçy Rozwita Lomeriň aşgabatly saz muşdaklaryna sowgady

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly- drama teatrynda germaniýaly pianinoçy Rozwita Lomeriň we Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmarkyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky „Mukam“ skripkaçylar ansambylynyň Roždestwo konserti boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Germaniýanyň Ilçihanasynyň roždestwo konsertlerini guramak boýunça çäresi indi asylly däbe öwrüldi.

- Roždestwo biziň ýurudmyzda iň halanýan baýram-dýip, Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Margret Ýubber agşamy açanda aýtdy.- Ajaýyp sazlardyr sowgatlar onuň hökmany şerti bolup, olar adamlaryň durmuşynda täze ýylyň jadylaýjy pursatlaryny janlandyrýar. Biz Rozwita Lomeriň konserti hem türkmenistanlylara baýramçylyk duýgularyny peşgeş berer diýip umyt bildirýäris.

Germaniýada we dünýä ýurtlarynyň köpüsinde giňden tanalýan pianinoçy Rozwita Lomer çykyşyny Robert Şumanyň „Çagalar sahnalary“ bilen açdy. Şumanyň eserinde roždestwo gijesi bolup geçen dürli wakalaryny sazanda ýumşak hem sada äheňde beýan etdi.

Rozwita Lomer Mýunheniň, Gamburgyň, Kýolnyň sazçylyk ýokary okuw mekdeplerinde bilim aldy. Onuň dünýä ýurtlarynyň 40-syndan gowragynda bolan çykyşlary hemişe şowly geçýär.

Ol Lýudwig wan Bethoweniň sonatasyny mylaýymlyk bilen ýerine ýetirende sazda howda gaýmalaşýan garjagazlaryň baýramçylyga has gözel röwüş berşi ýaly keýpiçaglyk duýuldy.

„Mukam“ skripkaçylar ansambly Nury Halmämmedowyň „Aýgytly ädim“ baletinden sýuitany inçeden nepis çaldy.

Ansamblyň nemes pianinoçysy bilen bilelikde ussatlarça ýerine ýetiren Wolfgang Amadeý Mosartyň fortepiano üçin konserti tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmasyna mynasyp boldy.

-Mosartyň bu konserti ilkinji gezek skripkaçylaryň sazandarlygynda çalyndy-diýip orkestriň ýolbaşçysy Garold Neýmark belleýär.-Munuň üçin partiturany täzeden işledik, şunda onuň asyl nusgasyna zeper ýetirmejek bolduk. Men 43 ýyl bäri ansambla ýolbaşçylyk edýärin hemişe-de okuwçylaryma: sazy bir özüňiz çalsaňyz, siz öz erkeiňize çaýansyňyz, ýöne sazandarlyk etseňiz weli—siziň sazyňyz esasy saz guralynyň owazyna kybap gelmelidir—diýýärin.

Türkmen aýdymçysy Nafisa Ýuldaşewa Rozwita Lomeriň we skripkaçylar ansamblynyň sazandarlygynda Frans Gruberiň „Asuda roždestwo gijesi“ aýdymyny aýtdy.

Konsert gutaransoňam tomaşaçylar pianinoça uzak wagtlap el çarpyp duransoň Rozwita Lomer ýene-de Frederik Şopeniň etýudyny çaldy.

Skripkaçylar ansamblynyň agzalaryna Germaniýanyň Ilçihanasynyň roždestwo sowgady gowşuryldy.

-Men aşgabatly saz muşdaklary bilen duşuşyga \atdyryn-diýip Rozwita söhbetdeşligimizde aýtdy.-Men Özbegistanda we Täjigistanda gastrolda bolupdym, indi bolsa myhmansöýer Türkmenistana gelip, onuň gözel ak mermer paýtagty we göwnaçyk halky bilen tanyşdym. Skripkaçylar ansamblynyň ýaşajyk sazandalarynyň ussatlygy meni haýran galdyrdy.