Solmaz Muhammedowa: kynçylyklary ýeňip arzuwyna ýeten

Suratda: Waleriý ARŞAWSKIÝ

Türkmenistanyň halk nakgaşy Solmaz Muhammedowa öz 65 ýaşyny kärdeşleriniň we döredijiliginiň muşdaklarynyň arasynda garşylady. Zehinli keramikaçynyň özbaşdak ýubileý sergisi diňe bir onuň üýtgeşik nepis eserlerine däl, eýsem özboluşly nakgaşyň şahsyýetine hem gyzyklanma döretdi.

Solmazyň asly artistler maşgalasyndan. Onuň ata-enesi TSDI-nyň uçurymlary. Kakasy diňe bir artist bolman, eýsem „Türkmenfilm“ kinostudiýasynyň režisýorydy hem. Ýöne Solmaz Muhammedowlaryň hünärini dowam etmedi. Gyzy gowy tans edip, aýdym aýtsa-da, oňa ejesi “sende artistlik düşnügem ýok“-diýdi.

Onsoň kakasy ony sazçylyk mekdebiniň fortepiano bölümine berdi. Solmazyň şol döwri ýatlasam gelmeýär... Öýlerinde saz guraly bolmansoň, ol goňşylarynda saz öwrenmeli bolýardy, olar bolsa, togy tygşytlap, otagda çyra ýakmaýardylar. Üstesine, mugallymy hem barmaklary keltejik bolansoň iki oktawa aralygy alyp bilmeýändigi üçin iňirdeýärdi... Başlangyç saz bilimini alan Solmaz mundan beýläk sapak almasyny bes etdi.

Kakasy onsoň ony Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebine saldy. Solmaz göwün islegli ýerine düşendigini bildi, tizara iň ökde okuwçylaryň biri boldy. Şol döwür ýurtda keramika önümleri ýörgünli boldy. Solmaz özboluşly güldanlaryň we çaý içilýän gap-gaçlaryň kompozisiýa gurluşy we usuly bilen gyzyklanyp ugrady. Çeperçilik ýörüte okuw mekdebine girmeli bolanda ikirjiňlenip durmady. Bu babatda ony şol wagt Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň talyby bolan doganoglany Gylyçmyrat Ýarmämmedow goldap, bile okaýan ýoldaşlarynyň keramika eserlerine ýokary çeperçilik sungaty hökmünde garaýandyklaryny we Stroganow adyndaky çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň işleriniň sergileriniň birinem sypdyrmaýandyklaryny aýtdy.

Solmaz Stroganow adyndaky ýörüte çeperçilik mekdebiniň keramika bölümine girmegi ýüregine düwdi.Ol çeperçilik ýörüte orta mekdebini tamamlasa-da, taýýarlygynyň ýeterlik däldigini bilip, ýaşlaryň agşamky 11-nji synpyny tamamlamagy niýet edindi, bu bolsa oňa hemmeler bilen deň derejede okuwa girse, mümkinçiligi artýardy. Munuň üçin Solmaz we onuň Stroganow adyndaky ýörüte çeperçilik mekdebine girmegi arzuwlan jorasy zawodyň keramika bölümine işe girmeli boldylar. Solmaz suratlaryny indi gijelerine çekýärdi.

Ejesi onuň Moskwa gitmegine kes-kelläm garşy çykdy. Ol gyzyny pälinden dändirjek bolup: „Men saňa ýol harjyny bermen“-diýdi. Emma Solmaz zawodda gazanan puluny ýygnaýardy, arzuwyna ýetmek üçin erjeldi.

1972-nji ýylda bäş günýäp otlyda ýol ýöränsoňlar olar Moskwa gelen badyna Stroganow adyndaky ýörüte çeperçilik mekdebine tarap ugradylar. Resminama tabşyrmazdan öň deslapky söhbetdeşlikden geçmelidi. Okuw girmäge dalaşgärler „Aýna“, „Keramika“, „Metall“, „Dokma“ we ş.m. ýazgyjyklaryň öňünde hümer bolşup durdylar. Keramika bölümine girmäge höwesekler beýlekilerden has kändi.

-Gyzlar, siz nireden geldiňiz?-diýip, egni içi suratly äpet bukjaly sakallak biri sorady.

-Türkmenistandan.

-Azarda galmaň, geçmersiňiz. Men Penzanyň ýörüte çeperçilik mekdebini tamamladym, eýýäm bäşinji gezek okuwa girjek bolýaryn. Şonuň üçin wagt ýitirip oturmaň-da, öýňüze gaýdyberiň.

-Ýok!-diýip, biz garşy bolduk.-Gaýtmak üçin beýle uzak ýol aşmadyk.

Joram synaga ilki girdi, ýöne derrewem gözi ýaşly gaýdyp geldi. Onsoň men girdim.

-Özbegistandanmy, Täjigistandanmy?—diýip, meniň aziýala meňzeş keýbime gözi düşen topar agzalarynyň biri sorady.

Men sesimi çykarman, suratalrymy ýere ýazyşdyryp goýdum.

Ol:

-Boljak—diýdi.—Suratlaryňy men-ä haladym. Resminamalaryňy tabşyrber.

Ýöne mende okuwa iberilýän hat ýokdy. Men işden aran garry aýaldan resminamalarymy almagy özelenip haýyş etdim. Ol: „Rektor rugsat berse, alaýyn“-diýip, göwni bir jogap berdi. Nobata durup, rektoryň iş otagyna girenimde möňňüripdirin. Aglap durşuma mende gönükdirme ýokdugyny, onsuzam resminamamy almaýandyklaryny aýtdym.

-Baryň, resminamalaryňyzy tabşyryberiň, men jaň ederin—diýip, ol mähirli gürledi.

Resminamalary tabşyranymdan soň maňa umumy ýaşaýyş jaýyndan ýer berdiler. Synaglara 100 adam göýberilendigini, olardanam 95-siniň alynmajakdygy barada gürrüň edýärdiler. Men synaglardan çekinemokdym. Iňlis dilinden özge sapaklardan diňe bäşlikdi. Dersleriň ählisni „ýagşy“ baha tabşyrdym. Diňe taryhdan synag galypdy, oňa bary-ýogy 20 adam galypdy.

Men bilet alyp, onuň soraglaryny okanymdan taýýarlyksyzam jogap bermäge taýyndygymy aýtdym.

Mugallyma:

-Näme üçin? Il ýaly taýaýrlanyberiň- diýip gaharly jogap berdi.

-Maňa taýýarlanmak gerek däl, häzir jogap berjek.

-Onda aýdyberiň.

Men säginmän jogaplaryň ählisne jogap berdim.

-Goşmaça sowal. Gyş köşgüniň näçe gapy bar?

Men bu sowalyň meni ýykmak üçin berlendigini aňdym, Gyş köşgüniň gapylarynyň „taryha“ dahylly ýeriniň ýokdugyny aýtjak boldum. Ozal Gyş köşgünde bolup göremsoň, zallarynyň we gatlarynyň näçedigini ýada salyp, 800-e golaý diýip jogap berdim.

-Penjiresi näçe?-diýip ikinji goşmaça sowal berildi.

Penjiersi kän bolmaly-diýip pikir etdim-de-1000 töweregi-diýdim.

-Ol meniň synag kagyzmy aldy-da, baha goýdy. Synag geçirilen otagdan çykanymdan soň oňa bakanymda „ikilik“ goýlandygyny dörüp galdym. Meni depgilediler, kemsitdiler, aldadylar! Men özümi goramak üçin bir zatlar etmelidim. Ýene rektoryň ýanyna eňdim.Ýöne onuň iş otagynyň gapysy ýapykdy. Agşama çenli hem ýene iki gün otursamam, oňa duşmamsoň öýe gaýtmaly boldum.

Men üçünji gezekden okuwa girdim, dessine-de iň ökde okuwçylaryň biri boldum, çünki bu mekdebe girmek maňa kyn düşüpdi. Biz esasy farfor-faýans zawodlarynda tejribe geçýärdik, olarda biziň taslamalarymyz boýunça durmuşda ulanylýan we jaýlaryň bezegi üçin keramika önümleri taýýarlanylýardy. Keramikanyň ýoň bolan döwrem tamamlandy. Menden;- şu ugry saýlanyňa öküneňokmy?-diýip soraýarlar. Ýok-diýýän. Sebäbi, güýçli we ussat nakgaşlaryň ençemesi türkmen žiwopis mekdebine şöhrat getirdiler. Men žiwopisde ikinji bolandan keramikada ilkinji bolanyň gowy diýýärin.

Indi ençeme ýyl bäri Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynda sapak berýärin we okuwçylaryma diňe bir hünär ussatlygny öwretmän, eýsem döredijilige tutuş durkuň bilen berilmelidigini we arman-irmän kämilleşmeildigini düşündirjek bolýaryn, çünki başarnygyňa garamazdan üstünlikdir sungatdaky öz ornuňa düşünmek şübhedir, gözleglerden hem kynçylyklardan rüstem gelşiňe bagly.