Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri: döredijiligiň şatlygy

Suratda: Ýuriý Şkurin

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.

Bu döredijilik forumy iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolundaky nobatdaky ädime öwrüldi. Ol dabara gatnaşyjylara birnäçe ýakymly pursatlary eçildi hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi we iki halkyň dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň türkmen Bitaraplygynyň 22 ýyllyk baýramçylygynyň we Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginde özboluşly many bar. Munuň özi Garaşsyz, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklaýar. Ýurdumyz ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara hemişelik bitaraplaýyk syýasatyny durmuşa geçirmegiň özboluşly ugry, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmek, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary, şol sanda doganlyk türk halky bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýörelgeleri hökmünde baha berýär.

Bu gezekki medeni çärä munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkiýäniň Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmenistanlylar doganlyk ýurduň sungatynyň baý, köpöwüşginli ugurlary bilen tanyşdylar.

Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan serginiň dowamynda türk halkynyň amaly-haşam sungatynyň we surat döredijiliginiň dürli ugurlary görkezildi. Şeýle hem bu ýerde türk halkynyň adaty senetkärlik ýörelgeleri boýunça okuw sagatlary guraldy.

Ony guraýjylaryň belleýişleri ýaly, şeýle sergiler türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döredýär. Çünki ol doganlyk halkyň medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinkilik berip, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýär. Bu gün bu medeni forumyň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde iki ýurduň döredijilik toparlarynyň wekilleriniň duşuşygynda giňişleýin gürrüň edildi.

Oňa gatnaşyjylar bu möhüm ugurdaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, medeni alyşmalary giňeltmäge we muzeýleriň, kitaphanalaryň, döredijilik toparlarynyň, medeniýet ulgamynyň okuw we ylmy edaralary bilen gatnaşyklary giňeltmäge goldaw bermäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdiler.

Şeýle hem türkiýeli myhmanlar paýtagtymyzyň muzeýlerine we beýleki gözel ýerlerine aýlanyp gördüler. Munuň özi ýurdumyzyň taryhy we häzirki ösüşi barada köp zat bilmäge mümkinçilik berdi.

Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda gadymy doganlyk gatnaşyklaryna eýe bolan türkmen we türk halklarynyň däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigi bellenildi.

Dabara gatnaşyjylar alyp barýan köpugurly hyzmatdaşlyk syýasaty, iki doganlyň halkyň arasyndaky özara peýdaly medeni gatnaşyklary giňeltmek ugrunda edýän tagallalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türkiýäniň medeniýet we sungat işgärleri mähirli kabul edilendigi we döredijilik çäresiniň üstünlikli geçmegi ugrunda ýardam berendigi üçin türkmen kärdeşlerine sagbolsun aýtdylar.

Soňra bilelikdäki dostluk konserti boldy. Onuň maksatnamasyna dost-doganlygy wasp edýän folklor-tans çykyşlary, dünýä we milli nusgawy saz sungatynyň eserleri, häzirkizaman estrada we halk aýdymlary girizildi.

“Mehter” harby-taryhy orkestriň köpöwüşginli çykyşy dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Türkiýäniň Döwlet opera we balet teatrynyň aýdymçylarynyň medeni derejesi has-da ýokary boldy. “Türk dünýäsi” toparynyň artistleri halk aýdym-sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Türkmen aýdymçylarynyň, “Serpaý” folklor toparynyň sazandalarynyň ussatlyklary myhmanlaryň çykyşlary bilen sazlaşykly utgaşdy.

Türkmen we türk halk aýdym-saz ussatlarynyň döredijilik bäsleşigi tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Munuň özi türki halklaryň saz medeniýetine mahsus ýörelgedir. Artistler saz gurallaryna ussatlyk bilen erk edip, özboluşly çeperçilik bileleşiniň üsti bilen ruhy arabaglanyşygy, onuň kuwwatyny we doganlyk halklaryň döwrebap medeniýetiniň, sungatynyň gadymy kökler bilen sazlaşygyny beýan etdiler.

Konserte gatnaşyjylar özboluşly döredijilik alyşygyny ýerine ýetirdiler. Şonda türkmen artistleri türk dilinde, türk aýdymçysy bolsa türkmen dilinde joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlandyrylan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň hataryna girizilen “Küşt depdi” tansy medeni maksatnamanyň jemini jemledi.