“Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi

Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, ýurdumyzyň arheologik hem-de medeni-taryhy ýadygärliklerini, medeni mirasymyzyň we maddy gymmatlyklarymyzyň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmegiň tertibini bir aý möhletde işläp taýýarlamak we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary bilen ylalaşyp tassyklamak tabşyryldy.