Türkmen wekiliýeti Musulman Zenan Parlamentarileriniň 7-nji maslahatyna gatnaşar

12-nji ýanwarda geçirilen Hökümetiň mejlisinde Mejlisiň ýolbaşçysy Akja Nurberdiýewa ýurdumyzyň wekiliýetiniň Eýranda geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Bileleşiginiň Musulman Zenan Parlamentarileriniň 7-nji maslahatyna we bu halkara guramanyň Parlament Bileleşiginiň 13-nji maslahatyna gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklarynyň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.