Mejlisde Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýti bilen duşuşyk geçirildi

Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Koreýa-Türkmenistan parlament dostluk toparynyň ýolbaşçysy, ylym, teleradiogepleşikler we aragatnaşyk boýunça komitetiniň agzasy jenap Park Deçul ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasynyňesasy wezipeleri, onuň düzümi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler babatda işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda berk kanunçylyk binýady döredildi. Birleşen Milletler Guramasynyň möhün konwensiýalaryna goşulmak bilen birlikde geçirilýän işler türkmen döwletiniň dünýäniň hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna hemmetaraplaryn ýardam edýär. Işlenip taýýarlanylýan we kabul edilýän resminamalar demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan okgunly ösmegine, onuň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň parlamentiniň halkara hukugynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak ulgamynda alyp barýan işiniň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen-koreýa döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösmegine ýardam edýän parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýanynda hem-de Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň ýanynda döredilen türkmen-koreý dostluk topalarynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu toparlaryň işi biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga ýardam edýär. Hususan-da, iki ýurduň parlamentarileriniň adam hukuklaryny goramak, halkara gatnaşyklary ösdürmek ulgamyndaky işine degişli meselelere degilip geçildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Mejlisiniň Koreýa Respublikasynyň kanunçykaryjy edarasy bilen özara gatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň geljeginiara alyp maslahatlaşyp, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

***

Koreýa Respublikasynyň parlamentarileriniň wekiliýetiniň şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçiren duşuşygynyň barşynda hem hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.