Saud Arabystanynyň ösüş gaznasy TOPH taslamasyna maýa goýum serişdesini iberýär

Saud Arabystany TOPH gaz geçirijiniň gurluşygyna maýa goýum serişdesini iberýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Babaýew hormatly Prezidentimiziň Saud Arabystany Patyşalygyna 2016-njy ýylyň maý aýynda bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Saud Arabystanynyň ösüş gaznasy tarapyndan berilýän maýa goýumlary barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Bu gaz geçirijisi arkaly Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gaz uzakmöhletleýin esasda iberiler.

Eýýäm şu ýyl turbageçirijiniň owgan böleginiň, şeýle hem täze ýangyç geçirijiniň düzüminiň bölegine öwrüljek beýleki birnäçe desgalaryň gurluşygyna girişiler.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Saud Arabystanynyň ösüş gaznasy tarapyndan berlen maýa goýumlary daşary ýurtly maýadarlaryň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär, olar bu taslamanyň derwaýyslygyna hem-de kuwwatyna, onuň bähbitliligine ýokary baha berýärler.

Türkmenistan we Saud Arabystany tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwletleriň hataryna girýär. Munuň özi ýangyç-energetika ulgamynda, şeýle hem beýleki pudaklarda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.