DHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy 50,5 million ABŞ-niň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük we pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Pakistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 50 million 585 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Kanadadan, BAE-den we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 5 million 912 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.