Stol üstünde oýnalýan tennis boýunça milli ýaryşda ýaş türgenler üstünlik gazandylar

Stol üstünde oýnalýan tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň netijesi soňky döwürde sportuň şu görnüşiniň ussatlarynyň- öňbaşçylarynyň ornuna ýaşlaryň gelýändigini görkezdi. Zenanlaryň arasynda ýekelikde oýnamak boýunça bäsleşikler muňa bir mysal bolup biler, onda aşgabatly birinji sport derejeli 14 ýaşly Ýelena Malsewa ynamly ýeňiş gazandy.

Çempionatda meýdança eýeleri hökmünde erkekler we zenanlar toparlarynyň hersinden ikisi gatnaşan paýtagtly kiçi raketka ussatlarynyň çakylygyna Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýygyndylary seslendiler. Ýaryş şahsy--toparlaýyn görnüşde geçirildi, onuň netijesi boýunça halkara derejesindäki ýaryşlarda çykyş etmek üçin milli ýygyndy toparyň agzalary belli bolar. Indi bolsa, 2017-nji ýylda özüni tanadan ýeňiji barada gürrüňe dolanalyň.

Ýelena Malsewa 13 ýaşynda Türkmenistanyň geçen ýylky çempionatda kümüş medal eýeläp, zehinli türgendigini görkezipdi. Şondan ýarym ýyl geçensoň ýurt Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan ýaryşda hormat münberiniň ýokarky gatyna çykdy. Ine, bu gezegem öňe saýlanmagyň hötdesinden geldi.

Özi-de Ýelena diňe bir ýekelikde däl, eýsem toparlaýyn bäsleşikde-de ýeňiş gazandy, munda oňa sport ussatlary Enejan Ballyýewa, Oguljennet Nyýazgylyjowa hem-de özi ýaly birinji derejeli we zehinli türgen Meňli Durdyýewa dagy kömek etdiler. Bu üstünlikler Ýe. Malsewa sport ussadynyň kadasyny doldurmaga mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň iki gezek çempiony Ýelena halkara ýaryşlarynda-da üstünlik gazandy. Ol 2015 we 2016-njy ýyllarda Brest galasynyň goragçylarynyň hatyrasyna her ýyly geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşyp, iki gezegem ilimize altyn medally dolanyp geldi.

Türgeniň tälimçisi Rustam Ahmedowyň aýtmagyna görä, Ýelenanyň üstünliginiň syry onuň erjelliginde we ýeňşe ynamlylygyndadyr. Onuň diňe hüjüm edip oýnamak usuly, ony zenanlar ýygyndy toparda öňbaşçylyga getirdi.

Ýurduň şu ýylky çempionatynda gazanylan ýene netijä üns çekesim gelýär—ol erkekler toparynda bilelikde oýnamakda Ylýas Allananzarowyň ikinji ýeri eýelemegidir. Bary-ýogy dokuz (!) ýaşynda bolsa-da, ol ýaşy hem ussatlygy babatda has özünden has saýrylar bilenem deň derejede bäsleşip bilýär.

Onuň halypasy, sport ussady Raşid Ahmedow ýaş türgeniň ýaryşda ikinji orny eýelemegine kömek etdi. Tälimçiniň aýtmagyna görä, ýakyn wagtda Ylýas Allanazarowam edil Ýelena Malsewa ýaly häzirki çempionlara mynasyp bäsdeş bolar.

Ikinji ýerden başga-da, Raşid Ahmedow şahsy ýaryşda ýeňiş gazandy we toparlaýyn bäsleşikde öz dogany Rawil Ahmedow, şeýle hem Denis Kuzmenko we Dawut Ýakubow bilen bilelikde altyn medala mynasyp boldy. Rawil ikinji altyn medalyny Enejan Ballyýewa bilen bilelikde garyşyk bäsleşikde eýeledi. Ýokarda ady agzalan türgenleriň ählisi-de paýtagtymyzyň toparlarynyň wekilleridir.

Lebaply türgenler hem ýeňiş gazandylar. Adylbek Jumanowyň şägirtleri Nasiba Mämmedowa bilen Ogulsuraý Bekbaýewa zenanlaryň arasynda bilelikde oýnamakda öňe saýlandylar. Altyn medallary eýelän türgenleriň özleri-de halypalyk edip, sportuň şu olimpiýa görnüşine muşdaklara tälim berýärler.

Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndy toparlarynyň baş tälimçilerine indi şu ýylyň maý aýynda Şwesiýanyň Halmstad şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş etjek ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň agzalaryny kesgitlemek galýar.