2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: Gurluşyk we elektroenergetika

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmegi ençeme görkezijiler, şol sanda ýokary maýa goýum işjeňligi bilen tassyklanylýar. Bu gün gurluşyk toplumy giň gerimli döwlet maksatnamalaryny—senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri özgertmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagy ugur edinýär. Olaryň çäklerinde bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmak hem-de durkuny täzelemek işleri amala aşyrylýar, täze senagat we durmuş maksatly desgalar bina edilýär.

Şol birwagtda ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny güýçlendirmek, ýerli çig maldan taýýarlanylýan, daşary ýurtlardan getirilýän görnüşlerinden pes bolmadyk gurluşyk serişdeleriniň sanawyny artdyrmak, hojalygy dolandyrmagyň, şol sanda hususy işewürleriň gatnaşmagynda dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler çözülýär.

2017-nji ýylda pudagyň işiniň netijeleri maýa goýum-gurluşyk işinde oňat görkezijileriň saklanyp galandygyna şaýatlyk edýär.

Öňki ýyl bilen deňeşdireniňde, ýurdumyzyň jemi içerki önümçiliginde gurluşygyň paýy 1,3 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberi 49,8 milliard manada deň boldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26-njy ýanwarda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belleýşi ýaly, häzir ykdysadyýetimize uly mukdarda, ýagny 50 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumlary goýulýar. Bu gün ýurdumyzda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän iri desgalaryň 1700-e golaýy gurulýar.

Belent binalar, täze ýaşaýyş toplumlary, ýaraşykly gök zolaklar sebitiň binagärlik merjeni diýlip atlandyrylýan ak mermerli paýtagtymyzyň bezegidir. Günsaýyn gözelleşýän Aşgabat okgunly kemala gelýän megapolisiň çäklerini giňeldip, dünýäniň gözel paýtagtlarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Şäher ilatynyň oňaýly ýaşamagy hem-de önjeýli zähmet çekmegi üçin amatly daşky gurşawy we şertleri döretmek, göwnejaý dynç almak hem-de boş wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli mümkinçilikleri we hyzmatlary hödürlemek onuň ösüşinde esasy ýörelgeleriň biridir.

Bar bolan ýaşaýyş jaýlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe ýokary amatlykly hem-de otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp gatly jaýlary däl-de, eýsem, kottej görnüşli jaýlary hem gurmak barada döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi öňde goýlan maksatlary amal etmäge gönükdirilendir. Munuň özi döwrüň talaplaryna hem-de şahsy isleglere kybap gelýän amatly ýaşaýyş jaýyny saýlap almakda raýatlaryň mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga kömek eder.

“Täze zaman” ýaşaýyş toplumy muňa aýdyň mysaldyr, ony gurmagyň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde giň otagly, mebeller bilen üpjün edilen, aşhanalary, eýwanlary bolan bir gatly jaýlaryň 320-si hem-de iki gatly jaýlaryň 64-si ulanylmaga berildi. Olar halkymyzyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen bina edildi. Jaýlaryň her biriniň howlusynda mellek ýer, şol sanda mal saklamak, awtoulag üçin ýer, tamdyr hem-de zerur inženerçilik-tehniki kommunikasiýalar göz öňünde tutuldy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň çäginde çagalar baglarynyň ikisi, Saglyk öýi, 600 okuwçy orunlyk ajaýyp mekdep ulanylmaga berildi.

Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly obasynda täze ýaşaýyş toplumy emele gelýär. Geçen ýyl bu ýerde gurlan kottejlerde 330-dan gowrak maşgala jaý toýuny tutdy.

“Parahat-7” etrapçasynda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar boldy.

Ankara köçesiniň ugrunda ak mermerli täze jaýlar peýda boldy. Nebitgaz toplumynyň maliýe serişdeleriniň hem-de hususy maýalaryň hasabyna amala aşyrylan taslamanyň umumy bahasy 220 million 347 müň manatdan gowrak boldy. Ýangyç-energetika toplumynyň buýurmasy boýunça gurlan, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi hem-de ýerasty awtoduralgalary bolan 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi bina edildi. Şeýle jaýlaryň hemmesinde bolşy ýaly, olarda-da ýaşaýjylar üçin amatly şertler göz öňünde tutuldy.

Ählihalk baýramçylygynyň—Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzy gurmagyň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde bina edilen kottej ýaşaýyş toplumyny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar boldy. Kaşaň jaýlaryň iri toplumynyň açylmagy —2 gatly kottejleriň hem-de 3 gatly we 4 gatly ýokary amatlykly jaýlaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaraly çäre Aşgabadyň günorta böleginde-de geçirildi. Bu ýerde durmuş-medeni maksatly hem-de döwrebap durmuş düzümli desgalary bolan täze etrap kemala geldi.

Ýeri gelende aýtsak, 15-nji tapgyryň taslamasyny amala aşyrmak Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanyldy. Häzir ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekilleri toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge mynasyp goşant goşýarlar. Şunda gurluşyk pudagy telekeçilik işiniň batly gadamlar bilen ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi.

Bu täze desgalar bilen bir hatarda, Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň binagärlik toplumy ýokary amatlykly hem-de otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 12 gatly 72 öýli jaýlaryň 12-sini hem-de 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-syny, söwda merkezleriniň 11-sini, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebi hem-de 160 orunlyk çagalar bagyny öz içine alýar. Degişli inženerçilik-aragatnaşyk hem-de ýol –ulag düzümi göz öňünde tutuldy, zerur tehniki ulgamlary bolan ýollar çekildi.

Dynç almak, sport bilen meşgullanmak hem-de gök zolaklar üçin ýerler göz öňünde tutuldy. Mysal üçin, körpe ýaşaýjylar arassa howada oýnamak üçin çagalar meýdançalarynda wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Işjeň dynç almagy halaýanlar üçin sport meýdançalary guruldy. Şäheriň bu böleginde täze seýilgäh hem peýda boldy, ol döredilende tebigy dizaýnyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyryldy.

Aşgabady abadanlaşdyrmak, onuň keşbini täzelemek, sport desgalaryny gurmak hem-de myhmansöýer gurşawy döretmek boýunça işler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda giň gerime eýe boldy. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda şol oýunlaryň geçirilmegi türkmen paýtagtynyň taryhynda uly ähmiýetli maksatlara eýe bolan giň gerimli taslama uzaklary nazarlaýar. Türkmen sportuny ösdürmäge kuwwatly itergi berildi, sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýy berkedi, ýurdumyzyň baý döredijilik kuwwaty tutuş dünýä görkezildi.

2017-nji ýylyň ähmiýetli wakalarynyň hatarynda Jemagat hojalygy institutynyň hem-de Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň üç gatly täze binalar toplumynyň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň düzümine girýän öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan stomotologiýa-okuw önümçilik merkeziniň hem-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň, zerur düzümleri: köptaraply ýol aýrytlary, ýerüsti we ýerasty geçelgeleri bolan şäher awtomobil ýollarynyň onlarça kilometriniň açylyş dabaralary bar.

Tebigatyň täsin künjeginde, belent Köpetdagyň eteginde “Gala” medeni-dynç alyş merkezi açylyp, ol Aşgabatda hem-de tutuş ýurdumyzda myhman kabul etmegiň kemala gelýän häzirki zaman düzümleriniň üstüni ýetirdi. Dynç almagyň hem-de wagtyňy peýdaly geçirmegiň ulgamyna degişli desgalar onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Iki gatly binada “Jülge”, “Gökdere”, “Dagdan”, “Gaýa”, “Balyk” atly restoranlar hem-de “Depe” diýen toý dabaralaryny geçirmek üçin merkez bar. Bu ýere gelýänlere hyzmatyň ýokary hili kepillendirilýär hem-de tejribeli aşpezler tarapyndan taýýarlanylan milli türkmen tagamlarynyň giň görnüşleri hödürlenilýär. Restoranlaryň zallarynda amatly ýagdaý döredilipdir. Bu ýerde dynç alýanlaryň wagtlaryny ýakymly geçirmegi üçin hemme zerurlyklar göz öňünde tutulypdyr, olar tebigy gözelliklerden lezzet, arassa dag howasyndan dem alyp bilerler.

Paýtagtymyzyň beýleki täze gurluşyklarynyň hatarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi bar. Bu ýerde Demokratik we Agrar partiýalar, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar guramasy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy ýerleşdirildi. Parahat -7 ýaşaýyş toplumynda bazarly “Bereketli” söwda merkezi, Köşi ýaşaýyş toplumynda bolsa üç gatly Saglyk öýi ulanylmaga berildi. N.Andalyp we Gurbansoltan eje köçeleriniň çatrygynda üç ugurly ýolaýrytlary bolan awtomobil köprüsi, A.Nowaýy köçesinde “Altyn zaman” söwda we hyzmatlar merkezi guruldy.

Paýtagtymyzyň ýollarynyň aýlawly çatryklarynda—N.Andalyp we Oguzhan hem-de N.Andalyp we Görogly köçeleriniň böleklerinde binagärlik desgalary guruldy. “Dowamat” diýen şar şekilli binany aý görnüşinde gurnalan alty sany görnüş emele getirýär, olar türkmenleriň nesilbaşysy Oguz hanyň alty ogluny alamatlandyrýar. Onuň içindäki görnüşler desganyň özünde jemleýän pikir-manyny ýüze çykaryp, häzirki zaman milli döwletliliginiň hil taýdan täze manysyny, nesil dowamatyny, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini, parahatçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge ymtylyşyny alamatlandyrýar.

Beýleki bir “Alaw” diýen bina alaw görnüşinde asmana galyp duran üç sany polat desgadan ybaratdyr. Onuň çeperçiliginde umumy ojak, abadançylyk we bereket baradaky many jemlenýär. Bu bolsa türkmen halkynyň bereketli mukaddes saçaga hormat-sarpasynyň ägirtdigine şaýatlyk edýär.

Mundan başga-da, Andalyp, köçesi boýunça aýlawly ýolaýrytlaryny ýene-de bezeg desgalarynyň ikisi bezedi. Beýikligi 20 metr bolan “Döredijilik” binasy ini 30 metr postamentiň üstünde alawyň özboluşly dilleri we gadymy kagyzlaryň görnüşinde metaldan taýýarlanan binadyr. Beýikligi 18 metrlik “Şahyr” binasy bolsa gül görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Onuň içinde syýadan, üstünde bolsa gadymyýetde hat ýazylan uly ak ýelek oturdylypdyr. Bu şahyrana ylhamyň we zehiniň özboluşly nyşanydyr. Binalaryň çeperçilik manysynda milletiň döredijilik başlangyjynyň hem-de ruhy-medeni däplerine ygrarlydygynyň umumy pikiri ýüze çykýar, türkmen şygryýetiniň hem-de sazynyň nusgawy wekilleriniň öçmez-ýitmez mirasyna hormat we sarpa goýulýandygyny beýan edýär, çünki paýtagtymyzyň köçeleriniň aglabasy şolaryň atlaryny göterýär.

“Ak şäherim--Aşgabat” atly XVI halkara köpugurly sergisinde şähergurluşygy ulgamynda gazanylan üstünlikler we geljekki ösüşler giňden görkezildi. Paýtagtymyzyň häkimligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gözden geçirilişiň guramaçylary boldular. Onuň geçirilýän ýyllarynda iri möçberli ýöriteleşdirilen forum hyzmatdaşlaryň gatnaşyk etmegi hem-de bu ulgamda dünýäniň iň täze işläp taýýarlamalaryndan peýdalanmakda işjeň tejribe alyşmak üçin netijeli çärä öwrüldi. Oňa gatnaşyjylaryň artýan gerimine okgunly ykdysady ösüşe hem-de özüne çekiji maýa goýum ýagdaýyna eýe bolýan ýurdumyzda öz orunlaryny berkitmäge hem-de işjeňleşdirmäge gyzyklanýan köpsanly daşary ýurt we milli kompaniýalary girýär.

Sergide ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň 100-den gowragy öz önümlerini görkezdiler. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sergileriniň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanýandygynyň hem möhüm guralydygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary – “Bouygues Turkmen”, “Polimex”, “NATA”, “Gap Insaat” we beýlekiler dürli desgalaryň taslamalaryny, şäherde ýaşamagyň has amatly şertlerini üpjün etmek hem-de gurluşyk, suw üpjünçiligi, yşyklandyrmak, ýollary gurmak, işjeň dynç alşy gurnamak we beýleki ugurlary goşmak bilen, şäher hojalygyny dolandyrmak bilen baglanyşykly öňdebaryjy işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary görkezdiler.

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň ýanwarynda badalga alan maýyplar hem-de durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän ilatyň beýleki gatlaklary üçin ýaşaýyş jaýyny gurmagyň maksatnamasy möhüm durmuş taslamasy bolup durýar. Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilmeginiň öňýanynda Aşgabatda, Tejende hem-de welaýatlaryň merkezlerinde 48 öýli ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi.

Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň ösüşlere beslenen iri möçberli özgertmeler syýasatynyň başyny başlaýjy we ony ruhlandyryjy döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýandygyny ýene-de bir gezek nygtamak gerek. Şol özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyz ähli ulgamlarda, hakykatdan-da, haýran galdyryjy üstünlikleri gazandy hem-de geljege ynamly garaýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlar boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, gönüden-göni ýerlerde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň öňe ilerleýşi, halkymyzyň durmuşynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatlaýyn çäreleriň görlüşi, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, munuň üçin bar bolan ägirt uly kuwwaty has doly peýdalanmak babatda wezipeleri çözmäge gönükdirilen möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin sebitleri özgertmek boýunça milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Bu maksatnama adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini, döredijilikli zähmet çekmegi, oňaýly durmuşda ýaşamagy we dynç almagy üçin has amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Geçen ýylda bu maksatnamanyň çäklerinde, durmuş ähmiýetli desgalaryň 10-sy, 623,6 kilometr inženerçilik ulgamlary, 1 million 214,3 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy. Häzirki wagtda suw arassalaýjy toplumlaryň 31-siniň, durmuş desgalarynyň 59-synyň, 352 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Sebitlerde ulanylmaga tabşyrylan täze gurluşyklaryň sanawynda Ahalyň dag etegindäki jülgede-Ak bugdaý etrabynda bina edilen “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” diýen uly ak öý aýratyn orun tutýar. Ol umumymilli we halkara ähmiýetli köpçülikleýin dabaralary, baýramçylyk dabaralary geçirmek üçin ägirt uly türkmen ak öýi görnüşinde bina edilen desgadyr, uly konsert zalydyr. Onuň ak reňki halkymyzyň gadymy köklerine, gözbaşlaryna, ruhy gymmatlyklaryna wepadarlygy aňladýar.

Elbetde, ak öý bireýýämden bäri ýaşamaga niýetlenen öýüň wezipesini ýerine ýetirmeýär, ýöne ol bu çäklerden çygyrdan has giň mana eýe bolup, däp-dessurlara, maşgala gymmatlyklaryna, öý-ojagyň we agzybirligiň mukaddesligine hormat goýmagyň nyşanyna öwrüldi. 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary welaýatynyň merkezinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň dabaraly açylandygyny ýatlamak ýerliklidir.

“Ak öý” taslamasynyň özenini binagärlik desgasynyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşmasy düzýär. Otaglaryň ýerleşişini, bezelişini ajaýyplylyk hem-de milli öwüşgin tapawutlandyrýar. Binanyň tehnologiki enjamlaşdyrylyşy iň döwrebap derejededir. Bu ýerde iň täze enjamlar, akustiki ulgamlar hem-de uly maslahatlary we owadan tomaşalary geçirmek üçin zerur bolan beýleki serişdeler oturdyldy. Maryda we Aşgabadyň eteginde bolşy ýaly, şeýle “ak öýler” milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda-da gurulýar.

Ýaşaýyş jaý we düýpli gurluşyk bilen bir hatarda, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamy uly döwlet goldawyny aldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleriň ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy şertleriniň biri, ilatyň iş bilen üpjünçilik meseleleriniň çözülmegi hökmünde garaýar. Häzir pudagyň kärhanalary barha giňelýän gurluşyk bazary üçin sement, diwar hökmünde ulanmaga niýetlenen serişdeleri we armaturdan örülen toplumlary, keramzit, ýygnama demir-beton önümleri, keramiki kerpiçleri, bezeg plitalaryny hem-de beýlekileri öndürýärler.

Tehnologiki täzelikleriň arasynda float usuly bilen aýna öndürmek bar. Bu tehnologiýa Ahal welaýatyndaky senagat toplumyny gurmakda ulanyldy. Owadandepedäki ýyllyk kuwwaty 7,2 million inedördül metr aýna barabar kärhanada aýna önümleriniň ýedi görnüşi, şol sanda açyk, reňkli, lominirlenen we taplanan aýna çykarylar. Şolardan aýna gaplar, derman serişdeleri üçin çüýşeler öndüriler. Kärhananyň işi bu önümiň daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmaga we geljekde onuň eksport ugruny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Geçen ýyl Daşoguzda ýylda 30 müň m2 önüm öndürmäge niýetlenen kafel plitalaryny öndürýän kiçi zawod işe girizildi. Kärhana ýörite öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edildi. Ýurdumyzdaky çig maldan önümleriň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Olaryň hatarynda plitalaryň dürli görnüşi – otaglary bezemek üçin kafeller, ýanýoda hem-de ýere düşemek üçin niýetlenen kafeller, binalaryň öňüni bezemek üçin kafeller, bezeg germewleri bar. Tehnologiýa buýrujylaryň isleglerini nazara almak bilen, önümiň bezegini täzelemäge mümkinçilik berýär. Munuň özi alyjylaryň islegini üpjün etmek üçin goşmaça şert bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary “Binagärlik işi hakyndaky” täze Kanunda öz beýanyny tapdy. Bu resminama binagärlik işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de adamyň durmuşy üçin amatly şertleri kemala getirmäge, bezeg işini kämilleşdirmäge, binalaryň, desgalaryň we toplumlaryň ygtybarlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Synymyzy dowam edip, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy talap edýändigini bellemelidiris. “2013-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň elektrik energetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna” laýyklykda, elektrik beketlerini, elektrik geçiriji ulgamlary, döwrebap transformator podstansiýalaryny, paýlaýjy ulgamlar toplumlaryny gurmaga gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar, paýlaýjy podstansiýalaryň onlarçasy gurulýar. Paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenilýär.

Häzirki döwürde elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrýan Türkmenistanyň energiýa ulgamynda Mary DES-inden başga-da, Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze kuwwatly elektrik beketleri hereket edýär.

Häzirki wagtda “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça Marynyň çäginde DES-iň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Ol ýurdumyzda ilkinji bug gaz elektrik bekedidir. Onuň kuwwaty 1574 MWt-a barabardyr. Bu ýerde “General Electric” (ABŞ) kompaniýasynyň dört sany gaz we iki sany bug turbinalary oturdylar.

Kuwwaty 432 megawatt bolan ýene-de bir gazturbina elektrik bekedi Çärjew etrabynda gurlar. Munuň üçin “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň hem-de “Sumitomo Korparation” ýapon kompaniýasynyň arasynda degişli şertnama baglaşyldy.

Ykdysadyýetiň strategiki pudagynyň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goýan wezipeleriniň çözülmegine bu pudaga ornaşdyrylýan täzelikler hem-de ýurdumyzyň tebigy gazyň ägirt uly gorlary ýardam edýär. Häzirki wagtda elektrik beketleri üçin gaz iň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz ýangyçlaryň biridir.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy” hem gurluşyk toplumy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bu maksatnamanyň çäklerinde işjeň maýa goýum syýasaty durmuşa geçirilýär. Öňümizdäki ýedi ýyl üçin ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek üçin 240 milliard manat gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Önümçilik we durmuş maksatly desgalary, ýaşaýyş jaýlarynyň millionlarça inedördül metrini gurmak meýilleşdirilýär. Ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen karz bermek ulgamyny yzygiderli ösdürmek hem-de mellek ýerleri bermek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda ilat hem-de ýaşaýyş jaý gaznasynyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre döwlet, sebit we pudaklaýyn maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, döwlet býujetini işläp taýýarlamak üçin ygtybarly statistiki maglumatlary üpjün etmek maksady bilen geçiriler.

2024-nji ýyla çenli ýurdumyzda öndüriljek elektrik energiýasynyň mukdary 33 milliard kilowatt sagada ýetiriler. Munuň özi 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 27,2 göterim köpdür. Elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberiljek mukdary birnäçe esse artar.

Pudagyň kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara, ilkinji nobatda, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän mukdaryny artdyrmaga ýardam eder. Degişli düzümiň kemala getirilmegi täze iş orunlaryny döretmäge, dostlukly ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga kömek eder. Hususan-da, 2018-nji ýylyň fewralynda Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, şu ugur boýunça optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyna girişmek göz öňünde tutulýar.