Türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan beýik ynamy ýurdumyzyň üstünliklerini kesgitledi

14-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine girişmegine 11 ýyl dolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza baştutanlyk edip gelýän ýyllary Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän syýasatynyň – parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş syýasatynyň esasy ugurlaryny aýdyň şöhlelendirdi. Onuň esasy ýörelgeleri ynsanperwerlik, durmuş adalatlylygy, ruhubelentlik, anyk maksady ugur edinmek bolup durýar.

Bu şanly sene resmi taýdan bellenilýän baýramçylyklaryň senenamasyna girmeýär, ýöne ýurdumyzyň ýylýazgysynda aýratyn orny eýeläp, 2007-nji ýylda, soňra 2012-nji we 2017-nji ýyllarda türkmenistanlylaryň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan wajyp çözgüdi ýatladýar.

Millionlarça adamlar konstitusion hukuklaryna laýyklykda we geljegiň öňündäki jogapkärçiligine düşünip, täze döwür üçin öňdengörüjilikli syýasaty ýöredýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz seslerini berip, oňa geljek ýedi ýylyň dowamynda döwlet Baştutany wezipesini ynandy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşine laýyklykda, Prezidentlik döwrüniň uzaldylmagy ýurdumyzyň ýolbaşçysyna mähriban Watanymyzyň rowaçlygyna, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary hem-de taslamalary doly durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik berdi.

Bu senelerde diňe jemgyýetçilik-syýasy wakalar däl-de, eýsem, onuň üsti bilen halkymyzyň synmaz bitewüligi, raýdaşlyk we milli Liderimiziň ähli başlangyçlaryna bolan uly goldaw öz beýanyny tapýar.

25-nji martda geçiriljek Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlygyna, Halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlawlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde şu günler guralýan duşuşyklarda hem bu barada gürrüň edilýär. Öňde boljak saýlawlar milli demokratik ýörelgelere esaslanýan halk häkimiýetlilik ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm ädime öwrüler. Çünki häzirkizaman dünýä tejribesi bilen milli ýörelgeleriň utgaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Parlament saýlawlaryna dalaşgärleiň hatarynda Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler, Agrar partiýalaryň hem-de raýatlar toparlarynyň wekilleri bar.

Ähli saýlaw okruglarynda bir orna birnäçe dalaşgär bellige alyndy. Munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ýörelgelerine kybap gelýändigini we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda demokratik esaslaryň çuňlaşdyrylýandygyny aňladýar. Saýlawlara halkara hem-de milli synçylaryň gatnaşmagy onuň açyklygyny we aýanlygyny üpjün eder.

Bu gezekki şanly sene hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan saýlaw möwsümi soňky Prezident saýlawlaryndan bäri geçen döwürde ýerine ýetirilen ägirt uly işler barada oýlanmaga, şol döwrüň şanly we ähmiýetli wakalaryň ençemesine beslenendigini saldarlamaga esas berýär. Şol birwagtyň özünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimizi ösdürmek we onuň dünýädäki abraýyny berkitmek boýunça öňe süren täze maksatlarynyň ähmiýeti bellärliklidir.

Türkmenistanyň halkara derejesi we abraýy ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň netijeli durmuşa geçirilmegine baglydygy şübhesizdir. Demokratik döwletiň gurluşy syýasy erki, öňdengörüjilik ukyby hem-de guramaçylyk endigi talap edýär. Milli Liderimiz durmuş ulgamyna gönükdirilen özgertmeleri esas edinip, ýurdumyzda raýatlyk edaralarynyň döredilmegine, köp partiýalylygyň, telekeçiligiň ösdürilmegine ähmiýet berýär.

Milletiň asyrlar aşyp gelýän oňyn tejribesi we ruhy gymmatlyklary türkmen jemgyýetiniň hem-de döwletiniň esasyny düzýär. Milli ýörelgeleriň döwrebap tejribeler bilen utgaşdyrylmagy, nesilleriň arabaglanyşygy we täzeçillik özgertmeleri bu gün halk demokratiýasynyň beýik esaslaryna daýanyan häzirki milli syýasatyň häsiýetli aýratynlygyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli taryhy mirasy ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmagyň, jemgyýeti ösdürmegiň möhüm guralyna öwürdi. Halkymyzyň köpasyrlyk tejribesine we parahatçylyk döredijilikli ýörelgelerine daýanyp, milli ösüşiň täze mümiknçilikleri özleşdirilýär.

Umumy ykrar edilen Baştutanynyň daşynda jebisleşmek türkmen halkyna gadymy döwürlerden mahsus ýörelgedir. Ol milli ylalaşygy, pugta döwletliligi özünde jemläp, demokratik ösüşiň aýratynlyklaryny we ýurdumyzyň taryhynyň häzirki tapgyryndaky öňegidişligini üpjün edýär. Halkymyzyň döwlet durnuklylygynyň möhüm ugurlaryny kemala getirýän ýörelgeleri Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şertidir.

Döwletiň we her bir raýatyň bähbidine laýyk gelýän ugurlaryň anyk kesgitlenilmegi, hem-de dürs beýan edilmegi, maksatlaryň, meýilnamalaryň aýdyňlygy bu işleriň ählihalk häsiýetine eýe bolmagyna ýardam edýär we özüniň anyk miwelerini berýär.

Gözümiziň alnynda we tutuş dünýä bileleşiginiň nazarynda ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirildi. Giň möçberli syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertdi. Jemi içerki önümiň sazlaşykly ösüşi, senagatyň köpugurly esasda öňe gitmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy we täze eksport mümkinçilikleriniň açylmagy milli Liderimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr.

Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, gaz geçirijileriň, gara we demir ýollaryň, deňiz hem-de howa menzilleriniň köpugurly ulgamyny döretmek, nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilikleri, erkin ykdysady zolaklary kemala getirmek babatda möhüm ädimler ädildi. Özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygy, daşary ýurt maýalayny çekmek, halk hojalygyny dolandyrmagyň tutuş guralyny döwrebaplaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryny we hususy pudagy ösdürmek işlerine ägirt uly depgin berildi.

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işleriň, bolup geçýän wakalaryň netijeleri sanardan köp. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ähli özgertmeler maksatnamasynyň esasy aýratynlygyny, şolaryň täzeçil we toplumlaýyn häsiýete eýedigini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün elilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendigini tassyklaýar.

Milli Liderimiziň geljekki ýedi ýylyň dowamynda toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasyny özünde jemleýän täze meýilnamalarynyň möhüm ugurlary giňden ara alnyp maslahatlaşylmaga hödürlenildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistany 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen esasy işler hem bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi, bazar gatnaşyklaryna geçmek, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagyny ösdürmek üçin ähli serişdeleri, mümkinçilikleri peýdalanmagy möhüm wezipe hökmünde öňe sürdi. Halkara we sebitara ähmiýetli maýa goýum taslamalaryna, giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işler yzygiderli dowam eder.

Garaşsyz Türkmenistanyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty durmuş üpjünçiligini, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny esasy ugur edinýär. Saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we hyzmat ulgamyna degişli beýleki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegi möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi.

Ähli öňde goýlan maksatlaryň durmuşa geçiriljekdigi şübhesizdir. Munuň şeýledigini geçen ýylyň tejribesi görkezdi we biz ägirt uly meýilnamalary amala aşyrmaga ukyplydyrys. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi her bir adamyň durmuşynda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa tutuş halkymyzyň öz Prezidentine-- milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan belent ynamyny pugtalandyrdy.