Umarowlaryň maşgalasynda zehinli-ukyply dört nakgaş bar

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

Paýtagtymyzyň sergi merkezinde Umarowlaryň maşgalasynyň žiwopis we amaly-haşam işleriniň özbaşdak sergisi açyldy, oňa Rahman we Dilber Umarowlaryň, şeýle hem olaryň gyzlary Hijrandyr Jeýranyň zehinine sarpa goýýanlar ýygnandy.

Rahman Umarowyň eserleri goýlan bölüm nakgaşyň döredijiliginiň dürli tapgyrlary bilen tanyşdyrýar, bu bolsa onuň özüne mahsus tilsimleriniň kemala gelşine, onuň sungatda we sungatyň onda ösüşine syn etmäge mümkinçilik berdi.

Rahmany tanymallyga ýetiren “Çarhypelek” suraty filosofik oýlanmalara atarýanlygy bilen özüne çekýär. Köne arabada dörtr zenan: garry, ýaşy durugşan, ýaş gyz we sarygül tozgalaryny üfläp oturan gyzjagaz ýola düşüpdir. Gidip barýan araba –durmuş ýoluny aňladýan bolmaly. Dört gahrymanam ykbal tapgyrlaryny we nesil dowamatlylygyny aňladýar.

“Mähir” atly suratda kiçijik gyzjagaz duýgylaryna bäs gelibilmän aty şeýle ezizläp ogşaýar welin, golaýdaky alabaýam onuň yzysüre gamyşgulak bedewi ogşaýjak ýaly bolup dur. Eseriň manzarynyň mähir-muhabbeti tomaşaçylarda-da ýakymly duýgylar oýarýar.

-Kiçijik gyzjagazyň keşbiniň meniň eserlerimde köp duşýanlygy tötänden däl,--diýip, Rahman Umarow gürrüň berýär.—Basdaşja iki gyzym gözümiň alnynda ulaldy, olar meniň döretjek işlerimiň temasyny salgy berdiler we çeken suratlaryma nusga boldular.

Nakgaş şu sergi üçin “Hyýal” diýen täze işini taýýarlapdyr. Gyzyl-elwan geýnen ýaş owadan zenan gapdalyndaky küýzedäki güle bakyp, ýakymly bir zadyň pikirini edýär. Bu gün onuňam edil gülüňki ýaly tüýs nowjuwan çagy, ýöne ýyllar öter, onuňam görki-görmegi şu gül kimin solar gider. Rahman Umarow eserine ilkibada “Ýaşlyk” diýip at beripdir, ýöne soň onuň adyny üýtgedipdir. Rahman eserleriniň gahrymanlary bilen bilrikde bizi gurşap alýan zatlar barada oýlanyp, olardan filosofiki many çykarmagy halaýar.

“Asudalyk” eserinde goşa ördek suw üstünden uçup barýar, suwa bolsa, gök derekleriň şekili düşýär. Reňkleriň näzikligi, olaryň bir reňkden beýlekisine sazlaşykly geçişi we çotganyň ýeňiljek yzy köňülde rahatlyk oýarýar.

Rahmanyň eserleriniň gapdalynda onuň aýaly Dilber Umarowanyň işleri goýlupdyr. Onuň üýtgeşik we mähirli keramiki şekilleri her kimiň ýüregine ýakyn gelýär. Dilberiň her işi durşy bilen obada ýaşaýanlar barada kiçijik bir hekaýa bolup görünýär, onda gahrymanlaryň häsiýeti we ruhy ýagdaýy inçelik bilen beýan edilýär. Mysal üçin, “Alys ýolda” kompozisiýasynda ýol ýöräp aran iki zenan çaý-çörek edinipdirler-de, indem töwür galdyrýarlar. Olaryň öňünde saçaga usul bilen dolanan nan, çäýnek bar... Üýtgeşik zat ýok ýalam bolsa, obaly zenanlar şeýle bir täsirli çykypdyr welin, olara ýylgyryp bakasyň gelýär.

-Bir gezek men bazarda telpek satýan ýaşula gabat geldim, ol meni haýran etdi—diýip, Dilber gürrüň berýär.—Onuň kaddy- kamatyny ýatda saklap, toýundan onuň keşbini ýasanymda oňa birneme şadyýan äheň berdim. “Telpek satýan” işim göreniň göwnünden turdy. Şonuň üçinem sergä “Telpek satýanlar” diýen kompozisiýamy getirdim, onda hersi durşuna üýtgeşik bir dünýä bolup duran gojalaryň birnäçesi şekillendirilen, olar diňe bir söwdadan däl, eýse gündogar bazaryň şowhunyndan lezzet alýarlar.

Meniň aslym Samarkantdan bolansoň ajaýyp ýadygärlikleriň arasynda ösüp kemala geldim. Orta asyr toýun küýzeleriň bölekleri mende üýtgeşik täsir galdyransoň men bu sungatyň syrlaryny öwrenmegi niýet etdim. Şonuň üçinem mekdebi tamamlap, Daşkendiň teatr-çeperçilik institutynyň keramika bölümine okuwa girdim. Rahman žiwopis bölüminde okaýardy. Meniň talyplar sergilerinde goýulýan eserlerim onuň göwnünden turýardy, menem onuň suratlarynyň aşygydym. Netijede biziň hünär ýakynlygymyz maşgala gurmagymyza getirdi. Indi biziň iki gyzymyz Çeperçilik akademiýasyny tamamlap barýar, oglumyz bolsa, Hytaýda sport lukmançylygy ugrundan bilim alýar. Gyzlarymyz biziň kesbimizi dowam etdirýärler, Rahman ikimizem olaryň döredijilik üstünliklerine guwanyp ýörüs.

Dogrudanam, Umarowlaryň gyzlarynyň zehinine guwanmaz ýaly däl. Dizaýn bölüminiň talyby Jeýran Umarowanyň “Agzybirlik” atly işi ilki Çeperçilik akademiýasynyň iň gowy işleriniň arasynda goýuldy, soňra bolsa Çeperçilik sungaty muzeýine alyndy. Batik usulynda ýerine ýetirilen iş gözel zenanlaryň keşbini çeper beýan edýär, olaryň biriniň elinde parahatlyk nyşany bolan ak kepderi bar. Ol talybyň işiniň awtoryna tanymallyk getiren seýrek duşýan ýagdaýdy.

Jeýranyň “Duýgylar” eseri has-da ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Ol ýumurtga gabygyndan meýdanda ösüp oturan sarygülleri ýasady, plastik çüýşeleriň gapagyna taýha şekilini salybam, olaryň depesine geýdirdi welin, üýtgeşik şekil boldy duruberdi. Iň esasy, gülkeşp adamjyklar ýylgyryp, gülüp, göz gypyp, al salyp, gaşyny bürüp, gaharlanyp, gorkup-ürküp... garaz, adama mahsys duýgylary görkezýärler.

Ýaş nakgaş ýygrylan kagyzlardan üýtgeşik natýurmort ýasapdyr, ol gelşikliligi, göwrümi we özboluşlyglgy bilen göreniň ünsüni özüne çekýär.

Hijran hem kakasy ýaly žiwopisçi. Ýöne Rahman dünýä filosofiki nazarda garasa, gyzy wakalry öz duýgy eleginden geçirip beýan edýär. Mysal üçin, onuň “Awtobusda” atly işini alyp göreliň. Hijran Umarowanyň bu eseriniň gahrymanlarynyň şähdaçyklygy tomaşaçylara-da täsir edýär.

Onuň “Çempion” diýen işinde bilýardçy Begenç Jumagylyjowyň oýnunyň dartgynly pursady şekillendirilipdir. Hijran muny üýtgeşik usulda beýan edipdir, ondaky esasy ýaşyl reňk ýerine düşüpdir, esasy zat—ol türgeniň aýgytlaýjy oýundaky ykjamlygyny görkezmegi başarypdyr.

“Doglan gün” suratynda ýaş nakgaş üýtgeşik döredijilik tilsiminden peýdalanypdyr, onda... daşky otagda eýelerine garaşyp duran bir giden aýakgap şekillendirilipdir, galanyny tomaşaçynyň özi oýlanybermeli. Bäşinji ýyl talyby Hijran “Saz agşamy” atly işinde bolsa, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew bilen oňa sazandarlyk edýän tanymal sazanda Wladimir Mkrtumowy akademiki usulda takyk şekillendiripdir.

Umarowlaryň maşgalasynda zehinli nakgaşlaryň dördüsi bar, olaryň hersiniňem diňe özüne mahsus gaýtalanmajak döredijilik ýoly bar. Gürürňdeşlikde Jeýran Umarowa: “...eger kakam nakgaş bolmadyk bolsa, belki uýam ikimizem bu ugry saýlamazdyk...”—diýdi. Rahman bilen Dilber gyzlarynyň döredijiligini belli bir ugra gönükdirmän, olaryň özüne ýol saýlamaga mümkinçilik beripdirler.

Umarowlaryň maşgalasynda özbaşdaklygya we ozboluşlylyga üns berilýär, onda kämilleşmäge höwes baş ýörelge. Bu dörtlükde hiç kim esasy boljak bolmaýar-da, bir-birege ýardam berip, tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýan ajaýyp işleri döredýärler.