Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Armen Sarkisýany Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli, oňa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.

Milli Liderimiz gutlagynda Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berilýär diýip bellemek bilen, dostlukly ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň biziň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Armen Sarkisýana berk jan saglyk we abadançylyk hem-de iň ýokary döwlet wezipesinde parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ýurduň dostlukly halkynyň gülläp ösmeginiň bähbidine uly üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.