Akja Nurberdiýewa Astanada geçiriljek ýokary derejeli duşuşykda türkmen wekilýetine ýolbaşçylyk eder

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda 15-16-njy mart aralygynda Mejlisiň başlygy A. Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekilýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Astana şäherine (Gazagystan Respublikasy) gulluk iş saparyny amala aşyrar.