Döwlet Baştutanymyz “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine täze ýolbaşçy belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, “Nesil” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary bolup işlän Azat Gadamowiç Jepbarow “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi.

“Bereketli toprak” gazetiniň ozalky ýolbaşçysy Bekmyrat Kakageldiýew hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, pensiýa gitmegi sebäpli, wezipeden boşadyldy.