Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň ulag pudagyny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, ulag serişdelerini netijeli peýdalanmakda, ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini gowulandyrmakda, has täze tehnikalary we tehnologiýalary özleşdirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary Berdi Amangeldiýewiç Saryýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň ýol hojalygy bölüminiň başlygynyň orunbasary — Tehniki bölümçesiniň başlygy Bekmyrat Ýazmyradowiç Işangulyýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň ykdysadyýet we maliýe bölüminiň ykdysadyýet we meýilnamalaşdyrmak bölümçesiniň esasy hünärmeni Mekan Döwletgeldiýewiç Dadyýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň ýol hojalygy bölüminiň tehniki bölümçesiniň baş hünärmeni Mekan Rahymberdiýewiç Annaýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Bereket ýol we desgalar edarasynyň başlygy Nurnepes Berdimämmedowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Türkmenbaşy stansiýasynyň başlygy Myratgeldi Şyhmämmedowiç Şyhmämmedowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýoluň Türkmenabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň Serhetabat stansiýasynyň başlygy Agajan Aganazarowiç Ýagmyrowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Türkmenabat raýat desgalary edarasynyň başlygy Abdykahar Abdyrowidowiç Abdullaýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 2-nji gurluşyk-gurnama demir ýol ulagynyň baş inženeri Muzapber Awulowiç Öräýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat habardar etmek we aragatnaşyk edarasynyň dispetçer merkezleşdirmesiniň uly elektrik mehanigi Ýuriý Alekseýewiç Wilkowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol maşyn kärhanasynyň (Serdar şäheri) gurluşyk toparynyň ussasy Şirmämmet Şyhyýewiç Mämmedowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol maşyn kärhanasynyň (Daşoguz şäheri) ýol bejerijisi Kamil Madaminowiç Babadžanowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol maşyn kärhanasynyň (Mary şäheri) ýol ussasy Gurbanmyrat Öwezmyradowiç Gibirowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol maşyn kärhanasynyň (Mary şäheri) agaç işläp bejerijisi Jumaguly Hallyýewi.

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmaly:

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň hereketiň howpsuzlygy bölüminiň başlygynyň orunbasary Mir Rahmanowiç Rahmanowa,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň harbylaşdyrylan gorag bölüminiň başlygy Mätjan Aşyrdurdyýewiç Orazowa,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Sarahs ýol we desgalar edarasynyň ýol bejerijisi Guwanç Kulyýewiç Ýakubowa,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol maşyn kärhanasynyň (Daşoguz şäheri) sürüjisi Batirbaý Haýtimowiç Halmurodowa,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Türkmenabat ýol we desgalar edarasynyň başlygynyň abatlaýyş boýunça orunbasary Haýytbaý Karýagdyýewiç Öwliýakulyýewe,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Mary ýük wagon deposynyň abatlaýjysy Geldimyrat Akyýewiç Durdyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 5-nji marty.