Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentine Siriýada An-26 kysymly uçaryň heläkçilige uçrandygy zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Siriýada An-26 kysymly uçaryň heläkçilige uçrandygy hem-de köp sanly adam pidalaryna getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz bu pajyga barada çuňňur hasrat bilen eşidip, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Russiýanyň ähli halkyna ýürekden gynanjyny beýan etdi.