Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýöriteleşdirilen sergide öz üstünliklerini görkezer

17-18-nji martda geçiriljek sergi hem-de maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanar. Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişde TSTB-nyň senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar ulgamlarynda işleýän agzalary gazanan üstünliklerini görkezerler.

Hususy ulgamy ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde tutuş ýurdumyzda häzirki zaman önümçilikleri döredildi we olar üstünlikli işleýär. Bu kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar.

TSTB-nyň agzalarynyň maslahatynda 10 ýylda birleşmäniň alyp baran işleriniň netijeleri jemleniler, geljek üçin wezipelere garalar, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen hususy ulgamda öňde goýlan maksatlara ýetmek baradaky çäreler belleniler.