Hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi

Daşary işler ministrliginde bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar iş toparynyň öňki mejlisinde kabul edilen çözgütleriniň ýerine ýetirilişine garadylar we olaryň esasy böleginiň durmuşa geçirilendigini belläp geçdiler.

Taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, serhet we gümrük düzümlerini ösdürmegiň, kontrabanda we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, umumy howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek meseleleri boýunça maglumatlar alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Ertir hökümetara türkmen-eýran topary öz işini dowam eder.