Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlaryna

13-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlanýar. Sapar tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine barar.

9-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, maýa goýum işini we işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirilen medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, öňümizdäki ýokary derejedäki gepleşikleriň wajypdygyny belledi. Şol gepleşikler Kuweýt Döwleti we Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara hyzmatdaşlygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etmelidir.

Döwlet Baştutanlarynyň we hökümet derejelerindäki hem-de daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklar, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde özara gatnaşyklar türkmen-kuweýt we türkmen-Birleşen Arap Emirlikleri gatnaşyklarynyň oňyn depginine şaýatlyk edýär.

Taraplar El-Kuweýtde we Abu-Dabide geçiriljek gepleşikleriň çäklerinde deňlik, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň hem-de hoşniýetli erk-islegiň esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmagy göz öňünde tutýarlar.

Garaşylyşy ýaly, söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan, Kuweýt we BAE dünýäde nebitgaz serişdeleriniň uly gorlaryna eýedirler. Munuň özi energiýa serişdelerini işläp taýýarlamakda hem-de dünýä bazarlaryna ugratmakda jebisleşdiriji ýagdaý bolup durýar. Nebiti gaýtadan işlemek, gazhimiýa, elektroenergetika, himiýa senagaty, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklarda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň maliýe we işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistana yzygiderli saparlary geljegi uly türkmen bazarynda arap işewürleriniň ornuny giňeltmäge gyzyklanmanyň artýandygyny tassyklaýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde, daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin has amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Ýurdumyzda senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, döwrebap ulag-üstaşyr düzümini döretmek, innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hem-de iri möçberli taslamalar netijeli işewür gatnaşyklary ösdürmek, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, köpugurly hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Taraplar syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge möhüm ähmiýet berýärler. Bu bolsa doganlyk halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we özara düşünişmäge hyzmat edýär. Sport ulgamynda hem ýurtlarymyzyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysalydyr. Bu oýunlar Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň howandarlygynda Geçirildi, onuň ştab-kwartirasy bolsa Kuweýtiň paýtagtynda ýerleşýär.

Esasy ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegi ugur edinmek köp babatda Kuweýtde we BAE-de geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünligini öňünden kesgitleýär. Bu gepleşikler döwletara gatnaşyklarynyň häzirki taryhynda täze tapgyr üçin başlangyç nokat bolup hyzmat eder.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek meýilleşdirilýär, munuň özi türkmen-kuweýt we türkmen-Birleşen Arap Emirlikleri hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn berkitmegiň hem-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup, däbe öwrülen gatnaşyklara täze anyk mazmun bermäge mümkinçilik döreder.