Türkmenistanyň tebigy we emeli tokaýlarynyň hasabaty geçirildi

Bu ylmy-amaly iş 2013-nji ýyldan 2017-nji ýyl aralygynda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň bir bölegi bolan Tokaý milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyryldy. Ýurduň ýaşyl gaznasyny hasaba almak boýunça işe goraghanalaryň işgärleri, tokaý hojalyklarynyň hünärmenleri we Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň biolog-alymlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň “Ýaşyl öýkenini” öwrenmek işi Ahal welaýatyndan başlandy, bu ýerde Köpetdagyň barmasy kyn we berk goralýan ýerlerinde gowy saklanyp galan arça tokaýlary bar, şunuň bilen birlikde düzlüklerde we dag eteklerinde uly möçberli bag ekmek işleri amala aşyrylýar. Geçen ýyl Mary welaýatynda geçirilen şeýle işler sebitler boýunça barlaglary jemledi. Her welaýtyň tokaýlarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge bir ýyl möhlet berildi. Indi alnan maglumatlary işläp we sistema salyp, olara analiz bermegiň wagty geldi. 2020-nji ýyla çenli tebigy we emeli tokaýlar boýunça doly hasabat taýýarlanylar, Döwlet tokaý kadastry düzüler.

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň tokaýlar we öri meýdanlary laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri Güljemal Gurbanmämmedowa edilen işler barada şeýle gürrüň berýär:

--Tokaýlaryň ählisi, şol sanda tebigy goraghanalaryň çäklerindäki, medeni zolakdaky emeli tokaýlar hem-de antropogen we tebigy meýdanlaryň çäkleşýän ýerlerindäki agaçlar ýekän-ýekän sanaldy. Çäreleriň toplumlaýyn häsiýetli bolmagy üçin düzüminde dürli hünärmenler bolan tapgyrlaýyn iş saparlary gurnaldy. Tokaýlaryň kesgitli etalon meýdanlarynda, daglardaky garyşyk jeňňeliklerde, dag eteklerinde, derýa jülgelerinde we çölde geobotaniki ýazgylar geçirildi. Baglaryň hili hasaba alyndy, tokaýlarda ýaş agaçlaryň kemala gelşi öwrenildi. Seýrek duşýan we tokaý emele getirýän baglara esasy üns berildi. Garaýalçy jülgesindäki ýabany hoz, Nyýazmät diýlen ýeriň gündogaryndaky çynar, Bathyz goraghanasynyň Pulhatyn çäkli goraghanasyndaky hakyky pisse, ýabany miweli bagly kiçeňräk tokalýlarynda barlaglar geçirildi.

Alymlar pars meleşesi, Siwersiň almasy, türkmen armydy, toraňňy, ak sazak ösýän berk goragly ýerlere baryp gördüler. Ýurdumyzyň gurak, yssy howa şertlerinde ösýän agaçlary we gyrymsy ösümlikleri öwrenmekde gymmatly gadymy pisseli we arçaly seýrek tokaýlaryň barlaglaryna aýratyn üns berildi. Alymlaryň we ekologlaryň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde sebitleriň reýestri taýýarlanylyp, onuň esasynda tebugaty goramak işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Döwlet tokaý kadastry düzüler.