Ýurdumyzyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenilen gurluşyk we senagat harytlarynyň sanawy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenilen käbir gurluşyk we senagat harytlarynyň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Karar 2018-nji ýylyň 1-nji aprelinden herekete girýär.