Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 164-si hasaba alyndy

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyk kerosinini, az kükürtli ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýadan, ABŞ-dan, BAE-den, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we nebit ýol bitumyny hem-de “Türkmengaz” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy we tehniki kükürdi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýadan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Özbegistandan hem-de beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplük we mata, hasa, portlandsementi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 125 million 500 müň dollaryna barabar boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Kanadanyň, Pakistanyň, Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 10 million 637 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 431 müň 800 manatlyk nebit ýol bitumyny satyn aldylar.