Çoganlydaky kottejler toplumynyň çägi giňelýär

Çoganlydaky kottej toplumynyň üstüne ýaşaýyş jaýlarynyň täze tapgyry goşuldy. Mart aýynyň ahyrynda Büzmeýiniň iri panelli jaý gurluşyk zawodynda çykarylýan demir-beton ýygnama panellerinden gurlan dört otagly iki gatly jaýlaryň 230-syna maşgalalar göçüp başladylar. Bir maşgala niýetlenen kottejler inženerlik ulgamyna goşulan özbaşdak ýyladyş ulgamlary bilen üpjün edilen, 0,8 ga mellek ýeri bar. Jaýyň gurluşygynda we bezeglerinde esasan ýerli gurluşyk serişdeleri we belli daşary ýurt haryt öndürijileriniň önümleri ulanyldy.

Gurluşykçylar ozal paýtagtyň demirgazygynda iri panelli jaý gurluşyk zawodynda taýýarlanylan gurnamalardan kottejleriň üç ýüze golaýyny bina edipdiler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kompaniýalar 70 gektar ýerde ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän iki gatly jaýlaryň 320-sinden ybarat toplum gurupdylar. Täze jaýlaryň ýokary amatlylygy we otaglarynyň ýerleşişiniň gowulandyrylmagy ýokary derejeli ekologiýa taýdan oňaýlylgy, binalaryň özbaşdaklygy we berkligi bilen utgaşýar. Şeýlelikde, Çoganlyda kottej görnüşli jaýlaryň eýýäm 800-den gowragy guruldy.

Paýtagtyň demirgazygynda ýaşaýyş jaý gurluşygy dowam etdiriler. Bu ýerde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan iki gatly jaýlaryň 300-si bolan ýene bir kottejler şäherçesini gurmak göz öňünde tutulýar. Olaryň birinji gatynda giň myhman otagy, ikinjisinde iki otag bolup, 0,6 ga ýerde mellegi bolar. Döwrebap talaplara we ýaşaýjylaryň islegine laýyk gelýän şu kysmy jaýlar şäher ilatynyň mümkinçiligini artdyrýar.