Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

A.Ö.Serdarow hakynda

Ata Öweznepesowiç Serdarowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň baştutany hem-de Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky guramanyň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipelerinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow