Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

G.M.MÜŞŞIKOW hakynda

Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikowy Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine belläp, ony “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.A.HUDAÝKULYÝEW hakynda

Maýor Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýewi Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ç.K.AMANOW hakynda

Polisiýanyň general-maýory Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

T.Ý.TÄÇMUHAMMEDOW hakynda

Täçmuhammet Ýazmuhammedowiç Täçmuhammedowy “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

O.GURBANNAZAROW hakynda

Orazmyrat Gurbannazarowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.M.BABAÝEW hakynda

Maksat Mämmetsaparowiç Babaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

B.G.ANNAMEREDOW hakynda

Baýram Gurbandurdyýewiç Annameredowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.B.ÇAKYÝEW hakynda

Polkownik Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.O.MYRADOW hakynda

Polisiýanyň podpolkownigi Merdan Orazmyradowiç Myradowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.T.AÝDOGDYÝEW hakynda

Maksat Toturbabaýewiç Aýdogdyýewi, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini üýtgedip guramak hakynda

Ýurdumyzyň azyk senagaty pudagyny düýpli özgertmek we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1.Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine birleşdirmeli.

2.Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3.Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.