Behişdi bedewlerimiz Beýik Ýüpek ýolunyň waspydyr

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimiz ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy hem-de adaty endigine eýerip, döredijilik bilen meşgul boldy.

Türkmenistanyň özboluşly tebigy aýratynlyklary, onuň ajaýyplygy, aýratyn-da, gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözelligi döredýän bahar pasly ylhamyňy joşdurýan özboluşlylyk bolup durýar. Hut şu ajaýyplyklar, ynsan janyna ýakymly türkmen tebigaty milli Liderimiziň döredijiliginde möhüm orun tutýar. Hormatly Prezidentimiz şeýle gözellikler bilen bir hatarda, behişdi bedewlerimiziň belent derejeli tarypa mynasyp gözelligini wasp etmäge uly ähmiýet berýär.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz öz döredijiliginde ýurdumyzyň taryhyna, şol sanda Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugry bilen baglanyşykly taryhy wakalara möhüm ähmiýet berýär. Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan “Amul — Hazar 2018” giň möçberli sport çärelerine hormatly Prezidentimiz ähmiýetli orun berýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň döredijiliginde gadymy döwürde Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly, onuň ugrunda ýerleşen taryhy binalar, gadymy kerwensaraýlar, galalar aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi milli Liderimiziň şöhratly pederlerimiziň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklaryna aýratyn gadyr goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz döredijiliginde dünýäde uly şöhrata eýe bolan we türkmen halkynyň gaýtalanmajak gymmatlygy döretmek ukybyny äşgär eden ahalteke bedewlerine aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri taryhyň dürli döwürlerinde ýyl ýazgylaryny düzüjileriň hem-de şahyrlaryň we çeper döredijilige ykbalyny baglan adamlaryň, şonuň ýaly-da, dünýäniň dürli ýurtlarynyň hanlarynyň, şalarynyň, imperatorlarynyň ünsüni özüne çekipdir.

Döwlet Baştutanymyz wagt tapyp ylmy we çeper döredijilik işini dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň döredijiliginde tebigatyň ýaradan ajaýyp bedewlerine Türkmenistanda söýgi we mähir bilen garalýandygyny görmek bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli Liderimiziň tagallasy bilen arassa ganly bedewleri saklamak, bu babatda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek we olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Behişdi bedewler Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň esasy nyşany bolup durýar. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýäniň atçylyk sporty boýunça şöhratly ýoluny dowam etmäge we bedewleriň bu ugurdaky ukyplaryny açyp görkezmäge täze mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we gönüden-göni gatnaşmagynda Türkmenistan dürli derejede geçirilýän çäreleriň merkezine öwrüldi. Ahalteke atçylygy bilen meşgullanýan abraýly halkara guramalaryň wekilleri, pudagyň belli atşynaslary we hünärmenleri şöhratly bedewleriň asyl mekanyna gelip, türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar. Şeýle çäreler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milletimiziň buýsanjyna öwrülen türkmen bedewleri dünýäde giňden belli boldy.

Bedewleriň tebigy gözelligi, çeýeligi, wepalylygy, ösen aňy we özboluşly zehini köp asyrlaryň dowamynda şahyrlara hem-de suratkeşlere ylham joşguny bolup hyzmat etdi.

Halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsini tutuş kalby bilen kabul edýän milli Liderimiz ahalteke atlarynyň abraýyny we şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň asylly atşynaslyk däplerini ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ýörelgelerini döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürdi. Hormatly Prezidentimiz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplary döretdi. Olar ençeme dillere terjime edildi hem-de atçylyk ulgamynda hünärmenleriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiziň işleriniň dürli dillerde neşir edilmegi diňe bir köp ýurtlarda ahalteke bedewlerine gadyr goýýan hünärmenler üçin däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp bedewleriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitaby 30-njy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň Gran-pri baş baýragyna mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewlerine bolşy ýaly, milli medeniýetimize, türkmen tebigatyna we halkymyzyň şöhratly taryhyna bagyşlanan täze eserleri döretmekde dürli çeşmelere, bize gelip ýeten gymmatly eserleriň maglumatlaryna esaslanýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döredijilik ynsana özboluşly lezzet berýär we ylhamyny joşdurýar. Hormatly Prezidentimiz şu gün özüniň döredijilik dünýäsiniň oý-pikirlerini toplan maglumatlaryny jemläp, döredijilik bilen meşgullanmagyny dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz çeper döredijiligiň şahyrana ýoly bilen bahar paslyny, türkmen tebigatyny, behişdi bedewlerimizi wasp edýän goşgy setirlerini döretdi. Çuň many-mazmuna baý bolan we çeper sözleriň sazlaşygyny döredýän şygryýet milli Liderimiziň döredijilik dünýäsiniň esasyny düzýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň döreden ruhy gymmatlyklaryna, türkmen tebigatynyň ajaýyplygyna, milli taryhymyza bolan söýgüsini we şahyrana çemeleşmelerini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Mälim bolşy ýaly, şygryýet her bir döredijilik adamynyň ýürek joşgunyndan, zehininden, mähriban halkynyň döreden ruhy mirasyna, gözel tebigatymyza bolan söýgüden binýat bolýar. Milli gymmatlyklara bolan hut şeýle garaýşy baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiz öz döredijiliginde şahyrana joşgunyň belende göterilmegine giň ýol açýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleri, halkymyzyň şöhratly taryhy, döreden milli gymmatlyklary, milletiň dünýäniň dürli ýurtlarynyň halklaryna bolan dostana gatnaşygy ynsany täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ylmy we edebi işlerinde köpýyllyk barlaglar, oý-pikirler, taryhy we edebi maglumatlar umumylaşdyrylýar. Olarda awtoryň milli ýörelgelere bolan çuňňur garaýşy, bilimi, bu ugra degişli halk döredijiliginde öz beýanyny tapan milletiň paýhasy aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir täze eseri milli medeni mirasymyzy wagyz etmekde, ahalteke bedewleriniň ähmiýetini artdyrmakda aýratyn möhümdir.

Hormatly Prezidentimiziň atçylyk toplumynda bolup, ajaýyp bedewler bilen didarlaşmagy we döredijilik bilen meşgullanmagy, bir tarapdan, halkymyzyň asylly däpleriniň hem-de nurana umytlarynyň nesilden-nesle geçirilýändigini, beýleki tarapdan bolsa häzirki döwürde halkymyzyň aýawly saklap gelýän däpleriniň sazlaşykly ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden we dünýäniň genji-hazynasyna giren milli gymmatlyklary adamlaryň kalbyny özüne bendi edip, ýurdumyzyň we halkymyzyň abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär.

Şu gün milli Liderimiz däp-dessurlarymyza, baý taryhymyza, behişdi bedewlerimize we türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklaryna bagyşlanan täze kitaby ýazmaga girişdi. Täze eseriň ýurdumyz hem-de milletimiz hakynda gymmatly çeşmä öwrülip, tutuş halkymyzyň bolşy ýaly, dünýä okyjylarynyň hem söýgüli eserine öwrüljekdigi gürrüňsizdir.

Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde bedew ählihalk söýgüsine mynasyp boldy hem-de asyrlaryň, nesilleriň we ýeňişleriň, zähmetiň, ruhubelentligiň sazlaşygynyň hem-de döredijiligiň arabaglanyşygyny özünde jemläp, berkarar Watanymyzyň ösüşiniň baş nyşanyna öwrüldi.