Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer hasabatynyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habarlar barada aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 82-nji mejlisinde “Bütindünýä welosiped güni” hem-de “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Olaryň taslamalary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz hem-de tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan Durnukly ösüş maksatlarynyň biri hökmünde sporty ösdürmäge uly üns berilýändigi bellenildi. Bu ugurda Türkmenistanda yzygiderli we netijeli işler alnyp barylýar. Bu işler halkara bileleşigiň giň ykrarnamasyna hem-de goldawyna mynasyp boldy. Ýokarda ady agzalan birinji Kararnama munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu resminama laýyklykda, 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamasy Milletler Bileleşiginiň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyndaky ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Gaznanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Dünýäniň 19 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimizi Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän bu uly daşary syýasy ýeňişler bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, bu şanly wakalar mynasybetli mähriban halkymyza ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisini BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge örän uly üns berilýändigini belledi.

“Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen ajaýyp pähimden ugur alnyp, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanylmagy, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sport desgalary — döwrebap stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, sport mekdepleri guruldy. Türgenlerimiziň dürli derejeli oýunlara, halkara ýaryşlara talabalaýyk taýýarlanmagy we gatnaşmagy üçin ähli şertler döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak hakynda resminama gol çekjekdigini aýtdy.

Paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa şäherçesi bina edildi. 2017-nji ýylda döwletimiziň taryhynda ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi.

Biz welosiped sportuny ösdürmäge hem uly üns berýäris. Türkmenistanda her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň başynda bolsa biz “Amul — Hazar 2018” atly welosiped ýaryşyna hem badalga berdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Geçirilýän bu çäreler ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen birlikde raýatlarymyzyň sporta höwesini has-da artdyrýar. Adamlaryň saglygyny berkitmekde, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolýar.

Biziň Garaşsyz döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek baradaky çözgüdi hem muny doly tassyklaýar. Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýan bu çözgüdi dünýäniň 56 döwleti dörediji hökmünde çykyş etdi. Biz muňa buýsanmaga haklydyrys diýip, milli Liderimiz bu resminamany goldan ähli döwletleriň adyna hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 73-nji mejlisiniň gün tertibine “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” bölümi girizmek barada çözgüt kabul etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe şu çözgüdi kabul etmeginiň hem uly manysy bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu möhüm çözgütleri kabul etmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, sporty ösdürmek, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde hem ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine beýleki degişli ýolbaşçylar bilen bilelikde BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokarda agzalan Kararnamalarynyň kabul edilmegine bagyşlanan çäreleri guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan tarapyndan milli hem-de sebit möçberinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça anyk ädimleriň ädilýändigini, şol sanda ýurdumyzda giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulýandygyny, ýurdumyzyň Aralyň meselelerini çözmek boýunça işjeň orun eýeleýändigini, Hazarda hyzmatdaşlyk etmek, BMG-niň tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek boýunça başlangyçlary öňe sürendigini belläp, bu ugurda işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz şeýle hem Bütindünýä welosiped gününe taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklary berdi. Bu sene şu ýylyň iýun aýynyň başynda ilkinji gezek belleniler. Onuň çäreleriniň maksatnamasyna jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge, welosiped sportuny wagyz etmäge, türkmenistanlylary köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine çekmäge gönükdirilen dürli sport we medeni-köpçülikleýin çäreler girizilmelidir.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri maý aýynyň başynda geçiriljek möhüm çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Şol çäreleriň hatarynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasy hem-de ulag meselesi boýunça halkara forum we şunuň bilen bagly sergi bar. Bu çäreleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Degişli guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy hem-de bu çäreleriň deslapky maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň strategik ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeläp, oňyn başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary hem şol başlangyçlaryň möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralmagy göz öňünde tutulýan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň nobatdaky, 9-njy mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Öňümizdäki duşuşygyň guramaçylyk meseleleri YHG-ä agza ýurtlaryň Ministrler Geňeşiniň 17-nji aprelde Duşenbede geçiriljek 23-nji maslahatynyň gün tertibine giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebit we yklymlaýyn ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň bu ulgamda bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny, häzirki zaman multimodal ulag-üstaşyr we logistika düzümini döretmäge, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmäge saldamly goşant goşýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu strategik ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini aýdyp, öňümizdäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, döwlet býujetiniň serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de hususy pudagyň ornuny pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynyň ösüş depginini saklamagyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna gözegçiligi ýola goýmagyň ýakyn geljek üçin bellenilen wajyp wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz banklaryň maýa goýum gorlaryny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, olaryň möhüm ähmiýetli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydygyny nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň bu düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, söwdany hem-de telekeçiligi ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň milli ykdysadyýeti ösdürmekde we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Söwda-senagat edarasyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, bu ulgamyň işini ýokary derejede guramak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işini höweslendirmek, işewürler toparlarynyň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak, halkara pudaklaýyn sergileri guramak üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Söwda-senagat edarasynyň ýurdumyzda öndürilýän önümleri, şol sanda telekeçileriň ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümlerini daşary ýurtlarda giňden mahabat etmek hem-de sergilerini yzygiderli guramagy ýola goýmak hem-de telekeçileriň gözegçilik edýän düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we “2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça maksatnamany” iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, düzümleýin pudaklary täze tehnologiýalary hem-de işläp taýýarlamalary ulanmak arkaly döwrebaplaşdyrmak, maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şu günler ýazky gök-bakja ekinleri ekmek işleri dowam edýär. Bu oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça babadaýhanlar bilen şertnamalar baglaşylýar. Ekerançylary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, olaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Tutuş ýurdumyz boýunça jemi 215 müň 120 gektar meýdanda gowaça ekişi geçirilip, ekişiň depgini barha ýokarlandyrylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça meýdanlarynda birinji hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Şeýle hem agrotehniki kadalara laýyklykda bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatyny dürli gök-bakja önümleri bilen doly üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýazky oba hojalyk möwsümini, ilkinji nobatda bolsa gowaça ekişini guramaçylykly hem-de öz wagtynda geçirmek we öňümizdäki galla oragyna ykjam taýýarlyk görmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz ekerançylykda agrotehniki kadalaryň ählisiniň berjaý edilişine, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna, tehnikalaryň aýawly ulanylyşyna netijeli gözegçilik ulgamyny ýola goýmak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de amala aşyrylýan işler, ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň önümçilik kuwwatlyklaryny doly güýjünde peýdalanmak boýunça hasabat berdi.

“Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşigi tarapyndan Balkanabat şäherinde her biri 36 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 32-siniň tapgyrlaýyn gurluşygy boýunça taslamalar işlenip taýýarlanyldy. Ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryljak ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda Saglyk öýüniň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň we 2 sany söwda merkeziniň gurluşygy meýilleşdirildi. Onuň birinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlarynyň 18-si, söwda merkezleri gurlar.

Gurluşyk serişdeleri senagaty pudagy ykdysadyýetimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ugurlaryň biri bolup durýar. Senagat toplumynyň ösdürilmeginiň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny nazarlaýan durmuş syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlananda we olaryň gurluşygynda adam hakyndaky aladanyň esasy orunda bolmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleriň çözgüdine, aýratyn-da, gurluşygyň bezeg we ekologiýa ugurlaryna, ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna hem-de zerur durmuş, inženerçilik-tehniki düzümiň üpjün edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi wise-premýerden talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, gurluşygyň öz wagtynda tamamlanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleglerine hem-de halkara ülňülere doly laýyk gelmegine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, ýurdumyzda elektrik energiýasynyň önümçiligini artdyrmak, jemagat hojalygy gulluklarynyň işini kämilleşdirmek we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen, toplumyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjünçiligi baradaky meselä ünsi çekip, bu wezipeleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň gurluşyk kärhanalarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny maliýeleşdirmäge uly üns berýändigini belläp, öňde goýlan wezipeleriň ählisini häzirki zaman tehnikalaryny we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözmegiň wajypdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, olary döwrebaplaşdyrmak we tehniki parklaryň üstüni häzirki zaman tehnikalary bilen ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ýükleriň hem-de ýolagçylaryň, şol sanda ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ýolagçy we ýük gatnawlarynyň möçberiniň artdyrylmagyna mümkinçilik berýän köp sanly önümçilik kuwwatlyklarynyň bardygyny belledi. Häzirki zaman ulag we üstaşyr düzümleriniň döredilmegi, olara täze çäkleriň goşulmagy diňe bir häzirki döwrüň ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga däl, eýsem, ählumumy ösüşiň degişli meýillerini, gadymy türkmen topragynyň medeniýetleriň möhüm çatrygy hökmündäki taryhy wezipesiniň ýerine ýetirilmegini üpjün eder.

Häzirki döwürde ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň, köp zolakly halkalaýyn ýollaryň we köprüleriň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Döwlet Baştutanymyz ykdysady bähbitler bilen halkara hyzmatdaşlygyň öňde durýan möhüm wezipelerdigini nygtady. Milli Liderimiz ekologiýa nukdaýnazaryndan häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijeli peýdalanylmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, demir ýollary elektrikleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Bu çäreler ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara ugurdaş düzümlerine işjeň goşulyşmagyny, Türkmenistanda multimodal gatnawlaryň sebitleýin utgaşygyny üpjün edýän iri logistika merkeziniň döredilmegini şertlendirer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň wajypdygyny belläp, bar bolan mümkinçilikleriň doly güýjünde peýdalanylmagyny üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa dünýäde milli medeni mirasymyzy wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de 18 — 19-njy aprelde Aşgabatda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahaty we festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bu forumyň işine ençeme ýurtlardan alymlaryň, sungat ussatlarynyň, sazşynas-hünärmenleriň, medeniýeti öwrenijileriň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň açylyş dabarasy 18-nji aprelde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Forumyň çäklerinde halkara ylmy maslahatyň bölümçeler boýunça mejlisleri geçiriler, festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň dostluk konserti we beýlekiler bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň möhüm orun eýeleýän milli ruhy mirasyny giňden öwrenmek we dünýäde wagyz etmek boýunça yzygiderli we maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Aýdym-saz sungaty köpasyrlyk döredijilik däpleriniň esasynda kemala gelip, her bir nesliň döwründe işjeň ýerine ýetirijilik tejribesi arkaly kämilleşdirilýär.

Milli Liderimiz saz medeniýetini ösdürip we ussat ýerine ýetirijileriň häzirki zaman neslini ýetişdirip, halypaçylyk däpleriniň nesilden-nesle geçmegini, halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmagy, bahasyz ruhy mirasymyzyň giňden wagyz edilmeginiň yzygiderli dowam etdirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparyny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmek, türkmen türgenleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek, öňümizdäki Olimpiada üstünlikli gatnaşmagyny üpjün etmek barada beren maslahatlaryndan hem-de tabşyryklaryndan ugur alnyp, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamanyň we ony amala aşyrmagyň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sporty hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we goldamagyň Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýän Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Türgenleri taýýarlamak, olarda maksada okgunlylyk we zähmetsöýerlik, durnuklylyk, ýeňşe bolan erk-isleg ýaly häsiýetleri terbiýelemek zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, degişli Karara gol çekip, wise-premýere Türkmenistanyň ýygyndy toparyny XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin ýokary guramaçylyk derejesini we ähli şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlaryny welaýatlar boýunça jogapkär edip bellemek hakyndaky Karara gol çekdi hem-de bu babatda wise-premýerlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.