Bilermenler Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Daşoguzda “ Howanyň üýtgemegi jähtinden tokaý serişdeleriniň köpdürlüligini saklap galmak” atly göçme okuw geçirildi, oňa tebigaty goramak we oba hojalygy ulgamyndaky döwlet edaralarynyň hünärmenleri, AHEHG-nyň wekilleri, bilelikdäki ekologiýa taslamalarynyň bilermenleri gatnaşdylar. Duşuşygy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (MASEM) we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýeti (GIZ) gurnadylar.

Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary, şol sanda döwlet tokaý kadastryny döretmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy tema boldy. Bu söhbetdeşlige Mejlisiň, oba we suw hojalygy, maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hünärmenleri, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň düzümindäki goraghanalaryň we tokaý hojalyklarynyň işgärleri çagyryldy.

-Tokaýlaryň çäginiň giňeldilmegi- howanyň üýtgemegi şertlerine uýgunlaşma çäreleriniň biridir, maksatnamanyň esasy maksady bolsa—medeni we oba hojalyk zolaklarynyň çäginden daşarda emeli tokaýlary döretmekdir, ol haýwanlaryň ýaşaýşyna we ösümlikleriň ösüp ýetişmegine amatly şertler döredýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigaty goramak babatda başlangyçlary netijesinde tokaýlar hakdaky alada döwlet tarapyndan goldanylýar. Şu maksatnamanyň çäklerinde Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde taslamalaryň ikisi durmuşa geçirildi—diýip, MASEM-iň Türkmenistandaky taslamalarynyň utgaşdyryjysy Döwlet Jumagulyýew belledi.

Olaryň biri tokaý ekoulgamyny goramagyň usullaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen “Türkmenistanda tokaý serişdelerini durnukly dolandyrmagy güýçlendirmek” taslamasydyr. Ikinji-“Ýer serişdelerini durnukly dolandyrmagy güýçlendirmek” taslamasy GIZ-iň goldamagynda Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Tokaý hojalygy müdirligi we MASEM tarapyndan durmuşa geçirildi. Onuň çäklerinde Aral deňzinden ösýän duzly epgegiň täsiri bildirýän Daşoguz welaýatyndaky Bötendag alaňynda tokaý dikeldiş çäreleri geçirildi. Ýiti gurak howa şertlerine we ygalyň azlygyna uýgunlaşdyrylan şorluga durnukly ösümlikleri ýetişdirmek üçin nahalhanalaryň ikisi döredildi, çöl ösümlikleriniň seýrek duşýan görnüşleriniň tohumyny ulanmagy öwretmek üçin hünärmenleriň okuwy, şeýle hem olaryň tejribe alyşmak üçin Nahalal şäherindäki (Ysraýyl) Halkara Galileýe menejment institutyna sapary gurnaldy.

Tebigaty goramak we tebigy serişdelerden peýdalanmak boýunça döwlet edaralarynyň wekilleri aýratynam ýurduň günortasynda gurak howa we demirgazygynda şorlaşan toprak şertlerinde tokaý döretmek we tokaýlary, Amyderýanyň hanasynyň ugrunda derýaýaka tokaýlary dikeltmek boýunça çäreler barada gürrüň berdiler.

Endemik nahallar, ýelleriň we suwuň täsiri netijesinde topragyň zaýalanmagynyň öňüni almakda ösümlikleriň ähmiýeti, tokaýlaryň bioköpdürlüligi, tebigaty goramakda, şol sanda suwly-batgaly ýerleri goramak işinde halkara ylalaşyklarynyň ähmiýeti bilen tanyşdyryldy. Howanyň üýtgemegi bilen baglanşykly uýgunlaşdyryş çäreleri, Türkmenistanyň biologik we landşaft köpdürlüligini goramak we olardan rejeli peýdalanmak baradaky habarlar uly gyzyklanma döretdi.

Okuwyň çäklerinde oňa gatnaşanlar nahallaryň, şol sanda Gyzyl kitaba girizilen nahallaryň ýetişdiriliş şertleri bilem tanyşmak üçin Daşoguz nahalhana hojalygyna baryp gördüler. Duşuşygyň netijeleri ýerlerde tokaýlary ýetişdirmek boýunça geljekki işleri meýilleşdirmäge esas bolar.