Döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga bagyşlanan okuwlar tapgyry geçirildi

Ýewropa Bilelelşigi bilen Döwlet gullugy akademiýasynyň bilelikdäki “Türkmenistanda döwlet dolandyryşynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam bermek” taslamasynyň çäklerinde maglumat-bilim çäreleriniň tapgyry geçirildi.

2017-nji ýylyň başynda başlanan taslama halkara tejribesiniň we milli iş ýörelgeleriniň jähtinden häkimiýet hem-de dolandyryş ulgamynyň kanunçylyk we hukuk ugurlarynda döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ösüşiň innowasion durmuş-ykdyasady nusgasyny kemala getirmek hem-de işletmek boýunça wezipeleri netijeli çözmäge ukyply dolandyryjylaryň täze neslini taýýarlamak üçin döwlet gullukçylaryny okatmak ulgamyny kämilleşdirmeli. Bu tema bagyşlanan “tegelek stola” halkara bilermeni, ÝeB-niň esasy hünärmeni doktor Aksel Kýots gatnaşdy. Onuň käri dürli dolandyryş gurluşlaryny, telekeçilik-ýagdaýlaryny, döwlet gullugy diwanyny amatlaşdyrmak boýunça okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak bilen baglanşyklydyr.

Jenap Kýotsyň gatnaşmagynda geçirilen Döwlet gullugy akademiýasynyň funksional işiniň seljermesi okuw-usulýet we ylmy-barlag işelrini döwrebaplaşdyrmaga jemlendi. Halkara bilermeni edaranyň bilim işiniň işgärlerini okuwa we olaryň hünärini ýokarlandyrmaga iberýän merkezi, pudaklaýyn we ýerli derejelerdäki döwlet guramalarynyň hakyky talabyna laýyk gelýändigini belledi.

Bilim berlişiniň hiline baha bermeklige bagyşlanyp paýtagtyň “Arçabil” myhmanhanasynda geçirilen ýene bir duşuşyga Akademiýanyň professor-mugallymlar düzümi we ýurduň ylmy edararalarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar.

“Tegelek stoluň” barşynda Niderlandlardan gelen bilim boýunça halkara bilermeni Garri Lista bu ýere ýygnananlary Ýewropa ýurtlarynyň döwlet dolandyryşy akademiki ýokary okuw mekdepleriniň iş tejribesi bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, innowasion ölçegleri işläp taýýarlamaga we işgärleriň hünär derejesine, maddy-tenhiki düzümlere, şol sanda kompýuter ulgamlaryna hem-de kitaphanalara üns çekildi.

Germaniýaly innowasion tehnologiýalar babatda bilermen Konstantin Panteleýew ÝuNESKO-nuň ýokary bilim boýunça Ýewropa merkeziniň işläp taýýarlan bilimiň hiline baha bermegiň ölçegleri barada gürrüň berdi.

Teklip edilen temalary ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri çykyş etdiler.

Akademiýanyň professor-mugallymlar düzümi we diňleýjileri üçin innowasion okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak okuw seminarynyň diňleýjileri üçin jemleýji çäre boldy, oňa bilelikdäki taslamanyň halkara bilermenleri toparynyň ýolbaşçysy Folkert Milh gatnaşdy.

Seminara gatnaşanlar döwlet gullukçylarynyň üznüksiz hünär bilimi ulgamynyň kemala gelmeginiň ýurduň depginli ösüşiniň möhüm ugry bolandygyny bellediler. Netijeli işgärler syýasaty –döwlet dolandyryş ulgamynyň üstünlikli işlemeginiň we kämilleşdirilmeginiň şertleriniň biridir.