Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligi ulgamy kämilleşdirilýär

Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrabynyň “Azatlyk” geňeşliginiň obalarynyň birinde ýokary geçirijilikliligi we berkligi bilen tapawutlanýan dürli ölçegli täze suw geçiriji turbalary çekmek işleri tamamlanyp barýar. “Doganlar” hususy kärhanasynyň hünärmenleri şeýle turbalary jemi dokuz kilometr ýere çekdiler. Bu işler toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmek jähtinden ýerine ýetirildi. Täze suw geçiriji turbalar, guýylar we beýleki kommunikasiýa işlerini hususy kärhanalaryň işgärleri şu geňeşligiň beýleki obalarynyň üçüsinde amala aşyrdylar. Täze turbalaryň suw alynýan desga goşulmagy etrabyň iri obalarynyň biriniň suw geçiriş ulgamyny doly täzeläp, ony döwrebap talaplara laýyk getirmäge mümkinçilik berer.

Demirgazyk sebitiň beýleki etraplarynda-da ozal hereket edýän suw geçirijileriniň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak işleri alnyp barylýar, sebitde şäherleriň we obalaryň inžeherçilik-kommunikasiýalary işjeň ösdürilýär. Amala aşyrylýan işler oňaýly durmuş şertlerini döretmäge we suwdan rejeli peýdalanmaga niýetlenendir. Bu ulgamdaky iri täze gurluşyklaryň hatarynda Boldumsaz, Görogly we S. Türkmenbaşy adyndaky etraplarda agyz suwuny çykarýan kärhanalar, etraplaryň birnäçesinde dürli kuwwatlykly täze suw alynýan we lagym-arassalaýyş desgalary bar.